Katar 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatyny geçirmek boýunça işleri 95% tamamlady

  • 08.06.2021 22:05
  • 14k+

2022-nji ýylda Katarda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatyna taýýarlyk işleri, takmynan, 95% tamamlandy. Bu barada Kataryň maliýe ministriniň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Saud ben Abdulla al-Attyýýa Peterburgyň halkara ykdysady forumynyň çäginde RBK teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy diýip, Regnum habarlar agentligi habar berýär.

“Siz, hakykatdanam, geň galarsyňyz, biz gurluşyk işlerini we çempionata taýýarlyk işlerini, takmynan, 95% tamamladyk. Stadionlar barada aýdylanda, biz soňky tapgyrda barýarys. Biz bu stadionlaryň töweregindäki şäher gurluşygyny hem diýen ýaly tamamladyk. Elbetde, pandemiýa köp pudaklara täsirini ýetirdi, ýöne biz strategiki kararlarymyzy we syýasatlarymyzy ýerine ýetirmekde ähli taslamalaryň öz wagtynda tamamlanmagy üçin elimizden gelenini etdik” – diýip, ministriň orunbasary belledi.

Şeýle-de, Al-Attyýýa daşary ýurtly janköýerleriň emirlige gelip, çempionatdan lezzet alyp biljekdigine umyt bildirdi. 
Futbol boýunça Dünýä çempionaty 2022-nji ýylyň 21-nji noýabryndan 18-nji dekabry aralygynda Katarda geçiriler.


düýn 23:41
1.5k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
8.9k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.9k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......