Şäherara awtobus gatnawlaryna çäklendirmeler 15-nji iýuna çenli uzaldyldy

  • 01.06.2021 14:53
  • 28k+

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň habar bermegine görä, 2021-nji ýylyň iýun aýyndan bildirilýän talaplary berjaý etmek şerti bilen, synag hökmünde, Aşgabat – Daşoguz we Daşoguz – Aşgabat, Aşgabat – Mary we Mary – Aşgabat, Aşgabat – Türkmenbaşy we Türkmenbaşy – Aşgabat hem-de Aşgabat – Türkmenabat we Türkmenabat – Aşgabat ugurlary boýunça awtobus gatnawlary ýola goýulýar.

Gatnawlar hepdede üç gezek amala aşyrylar.
Welaýatara we şäherara awtobus gatnawlary boýunça beýleki ugurlara girizilen wagtlaýyn çäklendirmäniň möhleti 2021-nji ýylyň iýun aýynyň 15-ne çenli uzaldyldy.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 44-35-35, 44-35-31, 44-35-32, 44-35-33, 082. 

düýn 10:04
6.3k+

A23a aýsbergi dünýäde iň uly aýsberg adyny ýitirdi

A23a aýsberginiň meýdany soňky üç aýda 22%, 1370 inedördül kilometre çenli azaldy. Netijede, ol dünýäde iň uly aýsberg adyny ýitirdi. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-gözleg instituty habar berdi. Hünärmenleriň maglumatlaryna görä, indi täze iň uly aýsberg diýlip meýdany 3071 inedördül kilometr bolan D15A hasaplanýar...

düýn 09:57
2.5k+

Samsung üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfonynyň gutusyny açyp görkezdi

Samsung ýakynda hödürlenen we häzirlikçe diňe Günorta Koreýada satmagy meýilleşdirilýän Galaxy Z TriFold smartfonynyň gutusyny açyp görkezýän resmi wideo bilen paýlaşdy. Model, takmynan, 2500 dollar bilen bahalandyryldy...

05.12.2025 17:42
2.6k+

Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Maugli» spektakly görkeziler

Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Maugli» spektaklynyň premýerasy taýýarlanylýar – ol 12-nji dekabrda görkeziler. Bu sahna oýny iňlis ýazyjysy Redýard Kiplingiň adybir eseriniň esasynda goýuldy. Spektakl tomaşaçylara dünýäniň nusgawy eserleriniň teatr hepdeliginiň çäginde görkeziler...

05.12.2025 17:28
2.6k+

Tarantino “Billiň kastynda” filminiň animasion prikwelini surata düşürmegi meýilleşdirýär

Režissýor Kwentin Tarantino “Billiň kastynda” («Убить Билла») dulogiýasynyň baş gahrymanynyň animasiýalaşdyrylan gelip çykyşyny döretmek we "Billiň nädip Bill bolandygyny" açmak isleýändigini aýtdy. Ol bu barada Los-Anjelesde geçen “Ýukiniň ar alşy” («Месть Юки») atly gysga metražly filminiň ýörite görkezilişinde aýtdy diýip, Entertainment Weekly habar berýär...