«Ýuwentus» Pirlonyň baş tälimçi wezipesinden gidendigini habar berdi

  • 29.05.2021 12:15
  • 6.3k+

«Ýuwentus» Andrea Pirlonyň baş tälimçi wezipesinden gidendigini mälim etdi. Bu barada sports.ru habar berýär.

“Biz Maestro her gün görkezen edermenligi, işine wepalylygy we yhlasy üçin minnetdarlyk bildirýäris. Andrea geljeginde uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw edýäris” – diýlip, klubuň habarynda aýdylýar.

42 ýaşly hünärmen “Ýuwentusa” 2020/21-möwsüminiň başynda ýolbaşçylyk edip başlady. Onuň bilen klub Italiýanyň kubogyny we Super kubogyny utdy, şeýle-de A seriýada dördünji orny eýeledi.
Pirlonyň ornuny «Ýuwentusa» 2014-nji ýyldan 2019-njy ýyl aralygynda tälimçilik eden Massimiliano Allegriniň eýelejekdigi habar berildi.


22.01.2026 13:19
8.3k+

Çempionlar ligasy: «Barselona», «Liwerpul», «Bawariýa» we «Ýuwentus» ýeňiş gazandy

Çarşenbe güni UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň galan ýedinji oýunlary geçirildi. Öňdebaryjy toparlaryň köpüsi ýeňiş gazanyp, öz hasabyna üç utuk goşdy. «Bawariýa» – «Ýunion» 2:0 «Bawariýa» taryhda Çempionlar ligasynda 250 ýeňiş gazanan ikinji klub boldy...

21.01.2026 10:18
8.8k+

«Ýuwentus» Ronalduwa 9,7 mln ýewro tölemeli boldy. Turinde kazyýet klubuň arzasyny ret etdi

Turiniň kazyýeti «Ýuwentus» klubunyň arbitraž kazyýetiň Kriştianu Ronalduwa 9,7 mln ýewro tölemek baradaky kararyna garşy arzasyny ret etdi. Bu barada La Gazzetta dello Sport neşiri habar berdi. 2024-nji ýylda arbitraž «Ýuwentusy» futbolça 9,7 mln ýewro tölemäge borçlandyrypdy...

17.12.2025 09:19
3.7k+

«Ýuwentusyň» paýnamalary kluby kriptowalýuta kompaniýasyna satmakdan ýüz öwrülenden soň ýokarlandy

Italiýanyň «Ýuwentus» futbol klubuna eýeçilik edýän Juventus Football Club SpA kompaniýasynyň paýnamalary 15-nji dekabrda iň ýokary derejesinde 17,05% ýokarlanyp, bir paý üçin 2,57 ýewro ýetdi. Muny Euronext Milan biržasynyň maglumatlary delillendirýär...

31.10.2025 15:34
4.4k+

Spalletti “Ýuwentusyň” baş tälimçisi wezipesinde Igor Tudory çalyşdy

Italiýanyň “Ýuwentus” futbol kluby Luçano Spallettiniň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenendigini mälim etdi. Şertnama şu möwsümiň ahyryna çenli hereket eder. Ozal žurnalist Nikolo Skira Spallettiniň zähmet hakynyň ýylda 3 mln ýewro boljakdygyny habar berdi...