«Ювентус» уволил Мотту и назначил Тудора новым главным тренером

  • 24.03.2025 18:58
  • 5k+

Tiagu Motta «Ýuwentusyň» baş tälimçiliginden aýryldy. Bu barada turinli toparyň metbugat gullugy habar berdi.

«Klub Tiagu Mottanyň we onuň ähli kömekçileriniň görkezen hünär derejeleri, şu aýlarda eden işlerine hyjuw hem-de doly yhlas bilen çemeleşendikleri üçin minnetdarlyk bildirýär we olara geljekde uly üstünlikleri arzuw edýär» — diýip, beýanatda aýdylýar.

Klub täze baş tälimçi hökmünde Igor Tudory belledi. Horwatiýaly hünärmen eýýäm şu günden başlap öz işine girişer.
Häzirki wagtda «Ýuwentus» Seriýa A-nyň sanawynda bäşinji orunda durýar. Turinli kluba Çempionlar ligasynyň zonasyna ýetmek üçin diňe bir utuk gerek.
«Köne sinýora» soňky iki oýnunda agyr ýeňlişe sezewar boldy – «Atalanta» bilen 0:4, «Fiorentina» bilen bolsa 0:3 hasabynda ýeňildi. Şeýle-de «Ýuwentus» fewral aýynda hem Çempionlar ligasynyň tapgyrynda «PSW» (Eýndhowen, Niderlandlar) toparyna ýeňlip, Italiýanyň kubogynyň ýarym finalyna çykyp bilmändi. Bu netijeler klubuň ýolbaşçylarynyň tälimçini çalyşmak boýunça karar kabul etmegine täsir eden bolmaly.
Motta «Ýuwentusyň» baş tälimçisi wezipesine şu möwsümiň başynda bellenilipdi. Geçen möwsümde ol «Bolonýany» dördünji orna çykaryp, UEFA-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşmaga mümkinçilik gazanypdy. Geçen tomusda Motta «Ýuwentus» bilen her möwsüm üçin 5 mln ýewro hak tölenjek üçýyllyk şertnama baglaşypdy. «Calciomercato» çeşmesiniň maglumatlaryna görä, onuň şertnamasynda 20 mln ýewro möçberindäki jerime tölegi bardy. «Corriere dello Sport» çeşmesine görä bolsa, bu mukdar, takmynan, 15 mln ýewro töweregidi.
Tudoryň şertnamasynyň möwsümiň ahyryna çenli baglaşylandygy, eger-de klub ilkinji dörtlüge girse, awtomatiki uzaldyljakdygy bellenilýär.
Insaýder Jowanni Albaneze «Ýuwentusyň» tomusda tälimçi meselesi boýunça gutarnykly karar kabul etjekdigini mälim etdi. Dalaşgärleriň hatarynda häzirki wagtda «Napoli» bilen çempionlyk ugrunda göreşýän Antonio Konte, «Milandan» «Al-Nasra» geçen Stefano Pioli hem-de 2021-nji ýyldan bäri işlemeýän Zinedin Zidan bar.
Tudor turinli klubuň tälimçiler düzüminde öňem işläpdi – ol Andrea Pirlonyň kömekçisi bolupdy.


вчера 13:51
8.3k+

ЧМ-2026: Дембеле оформил хет-трик, Кабо-Верде творит историю, а Египет обходит Иран

На чемпионате мира по футболу 2026 года завершились матчи заключительного, 3-го тура в группах G, H и I. По их результатам определились итоговые места команд и участники 1/16 финала....

26.06.2026 14:33
12k+

ЧМ-2026: Германия уступила Эквадору, США проиграли Турции, но идут дальше

На чемпионате мира по футболу 2026 года завершились матчи заключительного, 3-го тура в группах E, F и D. По их результатам определились итоговые места команд и очередные участники 1/16 финала....

25.06.2026 13:40
9.3k+

ЧМ-2026: Винисиус присоединяется к гонке бомбардиров, двойной камбэк Марокко

Чемпионат мира по футболу в самом разгаре. В группах A, B и C завершились матчи заключительного, 3-го тура, по итогам которых определились итоговые места команд в таблице и участники 1/16 финала....

24.06.2026 22:49
8.1k+

Расклады перед решающими матчами ЧМ-2026: у кого остались шансы на плей-офф?

На 23-м по счету чемпионате мира по футболу начинается решающий, 3-й тур группового этапа. Для многих команд это последний шанс запрыгнуть в поезд плей-офф. Некоторые сборные уже гарантировали себе участие в......