«Lill» «PSŽ-den» bir utuk tapawut bilen Fransiýanyň çempiony boldy

  • 24.05.2021 12:53
  • 7.7k+

Fransiýada «Lill» futbol kluby 2011-nji ýyldan soňra ilkinji gezek çempion bolmagy başardy.

«Lill» çempionatyň soňky tapgyrynda «Anžerden» 2:1 hasabynda üstün çykdy. Kristof Galtýeniň tälim berýän «Lill» topary 83 utuk toplap, Fransiýanyň futbol çempionatynda 4-nji çempionlygyny gazandy. Mundan ozal, bu topar 1945/46, 1953/54 we 2010/11 ýyllarda çempion bolupdy.
«PSŽ» çempionatda 2-nji orunda galdy. Üçünji orny «Monako» eýeledi.
Şeýle hem «Lill» taryhynda 6 gezek çempionatda ikinji orny eýeläpdi.

düýn 18:26
2.1k+

FIFA 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň baýrak gaznasyny $871 mln çenli artdyrdy

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň baýrak gaznasyny 15% artdyryp, tölegleriň umumy möçberini 871 million dollara ýetirmek barada çözgüt kabul etdi....

düýn 11:50
4.7k+

Ultramarafonçy krokodilli derýada ýüzüp, tizlik rekordyny goýdy

Britan-awstraliýaly ultramarafonçy Endi Donaldson Awstraliýanyň krokodiller ýaşaýan Ord derýasynda 55 km aralygy ýüzüp geçmek boýunça tizlik rekordyny goýdy. Türgen bu aralygy 11 sagat 51 minutda ýüzüp geçdi......

düýn 11:46
4.2k+

Ýewropa we Konferensiýalar Ligasy: Emeriň emeli ýetmedi, Sarr oýlanmaga-da maý bermedi

Ýewropa Ligasynyň ýarym finalynyň ilkinji oýunlarynda «Nottingem Forest» az-owlak tapawut bilen «Aston Willany» ýeňdi, Portugaliýanyň «Bragasy» bolsa soňky minutlarda Germaniýanyň «Fraýburgyna» aman diletdi.......

30.04.2026 16:03
3.4k+

EA täze UFC simulýatoryny yglan etdi — oýun 19-njy iýunda çykar

Electronic Arts kompaniýasy garyşyk söweş sungaty boýunça täze EA Sports UFC 6 simulýatoryny resmi taýdan yglan etdi. Oýun 2026-njy ýylyň 19-njy iýunynda PlayStation 5 we Xbox Series pristawkalarynda çykar,......