Italiýada onlarça ýyl mundan ozal ýitirilen oba suw astyndan peýda boldy

  • 19.05.2021 12:56
  • 26k+

Italiýadaky suw howdanynyň abatlaýyş işleri wagtynda suw astyna “gark bolan” oba peýda boldy. Ol 1950-nji ýylda şol ýerde gidroelektrostansiýasyny gurmak maksady bilen ýörite suwa basdyrylýar. Bu barada “Bi-bi-si” habar berdi. Muny 360tv.ru ýetirýär.

Neşir Reziýa kölüniň Italiýanyň demirgazygynda ýerleşýändigini anyklaşdyrýar. Ýurtda ol suwuň üstünde görünýän ybadathana jaň diňi bilen bellidir. Bu 70 ýyldan gowrak wagt öň GES üçin gark edilen Kuron obasynyň bir bölegi. Reziýa suwunyň aşagynda 160 töweregi jaý galdy we diňe XIV asyryň ybadathana jaň diňi bu ýerde bir wagt ýaşaýşyň bolandygyny ýada salýar.
Kurony kölüň doly guradylmagyny talap eden abatlaýyş işleri wagtynda doly görmek başartdy. Ýaşaýjylar hatda bu obanyň galyndylarynyň arasynda gezelenç edip bildiler. Geçen asyrda ol ýerde 150-den gowrak adam ýaşaýardy, haçan-da ilat nokadyny suwa basdyrmaly bolanda, olary golaýdaky şähere göçürdiler. Käbirleri döredilen kölüň kenarynda peýda bolan täze oba göçdüler.
Häzir Reziýa syýahatçylaryň arasynda meşhurdyr. Myhmanlar üçin gyşky güýmenjeleriň biri-de buza çykyp, doňan suwuň üstünde görünýän jaň diňiniň depesini elläp görmek mümkinçiligidir. Kölüň üstünde galan ýeke-täk bina bilen baglanyşykly gözel ýerli rowaýat hem bar. Töwerekdäki obalaryň ýaşaýjylary sowuk gijelerde 1950-nji ýyllaryň ahyrynda aýrylandygyna garamazdan, diňden jaňlaryň ýuwaş sesiniň eşidilýändigini aýdýarlar.

11.05.2026 11:37
4.4k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
8.9k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
9.8k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

06.05.2026 15:42
3.8k+

Howa boýunça onýyllygyň netijeleri: Aziýanyň uglerod zyňyndylaryny çykaryşy çaltlaşýar, Ýewropa bolsa ony azaldýar

Global Carbon Budget-iň maglumatlaryna görä, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda global zyňyndylaryň ösüşi çürt-kesik bir gyradeň däl. Çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary uglerod zyňyndylarynyň tiz artýandygyny......