Türkmenistan ýokanç kesellere garşy tölegsiz esasda sanjym geçirýän ilkinji we ýeke-täk ýurt

  • 07.05.2021 16:08
  • 17k+

BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebit edarasy hem-de onuň ýurt boýunça edarasy bilen bilelikde ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmekde we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde habar beriş serişdeleriniň mümkinçiliklerini işjeň peýdalanmak meselelerine bagyşlanan onlaýn duşuşyk geçirdi.

Duşuşyga milli teleradioýaýlymlaryň, metbugat we elektron neşirleriniň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şeýle hem welaýatlaryňdyr Aşgabat şäheriniň saglygy goraýyş müdirlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu çäre dördünji gezek geçirilýär hem-de Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasynyň bir bölegidir.
ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili hanym Kristina Weýgandyň çykyşynda belleýşi ýaly, şu günki duşuşyk Türkmenistanyň Prezidentiniň tassyklan hem-de halkara ölçeglere kybap gelýän meýilnamanyň amala aşyrylmagyny seljermäge mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, eýsem, ýokanç keselleriň öňüni almak, hususan-da, COVID-19 pandemiýasy döwründe ilata sanjym etmek boýunça çäreleriň netijeli wagyz edilmegine amatly şertleri döredýär.
Sanjym işleri türkmen Lideriniň başyny başlan “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmagyň esasy ugurlarynyň biridir. Onuň esasy ýörelgeleri ilatyň saglygyny has-da pugtalandyrmakda hem-de raýatlaryň ömrüniň ortaça dowamlylygyny artdyrmakda, ýokary halkara ölçeglere kybap gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny etmekde jemlenýär. Türkmenistan ýokanç kesellere garşy tölegsiz esasda sanjym geçirýän ilkinji we ýeke-täk ýurt bolup durýar.
BSGG-niň wekili COVID-19 pandemiýasy hem-de sanjym işleri barada täze maglumatlary getirip, Türkmenistanda bu guramanyň maslahatlaryna laýyklykda, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak işi bilen bir hatarda, halkara hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini, saglygy goramak, şol sanda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça maksatnamalaryň amala aşyrylýandygyny belledi.
Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar şu meseläni şöhlelendirmekde öňdebaryjy dünýä tejribesi bilen tanyşdylar. Hususan-da, COVID-19-a garşy bar bolan sanjymlar, ilaty sanjyma taýýarlamagyň tapgyrlary barada habar berildi.

düýn 22:03
1.1k+

Belgiýada çarlaklaryň sesine öýkünmek boýunça bäsleşik geçirildi

Belgiýanyň De-Panne şäherçesinde her ýyl däp bolan ýewropa bäsleşiginiň nobatdaky sany geçirildi. Bu gezek gatnaşyjylar çarlaklaryň sesine iň ökde öýkünmek ugrunda bäsleşdiler. Oňa Ýewropanyň 16 ýurdundan......

düýn 19:50
1.3k+

Uçuda tarap ädim: Londonda Benksiniň goly çekilen täze heýkel peýda boldy

29-njy aprelde Londonyň taryhy merkezindäki Waterloo meýdançasynda täze bir heýkel peýda boldy. Onuň sütüninde dünýä belli anonim köçe suratkeşi Benksiniň goly goýlupdyr....

düýn 19:23
2.5k+

Teýlor Swift emeli aňdan goranmak üçin sesini we keşbini haryt nyşany hökmünde hasaba aldyrýar

Meşhur aýdymçy Teýlor Swift ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasyna haryt nyşanlaryny hasaba aldyrmak üçin üç sany arza tabşyrdy diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 18:37
1.1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokiodaky “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy

27–29-njy aprel aralygynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekillerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy.......