Makgregor “Mançester Ýunaýtedi” satyn almak barada pikirlenýär

  • 23.04.2021 20:19
  • 24k+

Irlandiýaly söweşiji Konor Makgregor iňlis futbol kluby “Mançester Ýunaýtediň” täze eýesi bolup biler. Bu barada ol Twitter sosial ulgamynda aýtdy diýip, newinform.com habar berýär.

Makgregor geljekki “söwdany” özüniň abunaçylary bilen maslahatlaşmak kararyna geldi. Söweşiji olaryň bu barada nähili pikir edýändikleri bilen gyzyklandy.

“Hemmäňize salam! Men “Mançester Ýunaýtedi” satyn almak barada pikirlenýärin! Bu barada siz nähili pikir edýärsiňiz?” – diýip, Makgregor ýazdy.

Görnüşi ýaly, Makgregor meşhur klubuň gözegçilik paýnamalaryna eýe bolan amerikan işewürleri Gleýzerleriň maşgalasynyň ony satmak isleýändigi bilen bagly habara seslenen bolmaly. “Mançesteriň” baştutanlary futbol Super ligasynyň taslamasy başa barmansoň, şeýle pikiri gözden geçirip başladylar.
Ýatlap geçsek, Makgregoryň biznes pudagynda üstünlikli tejribesi bar. Ol birnäçe ýylyň içinde hususy wiski brendini tanatmagy başardy.

düýn 16:56
5k+

Aleksandr Usik garşydaş hökmünde Deonteý Uaýlderi saýlady

Dünýäniň iň güýçli agyr agramly söweşijisi Aleksandr Usik indiki söweş üçin esasy garşydaşyň amerikaly Deonteý Uaýlder hasaplanýandygyny aýtdy. Bu barada ol Bangkokda geçirilen Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) konwensiýasy mahalynda mälim etdi...

düýn 16:42
5.7k+

UFC 323-de iki çempionlyk söweşi geçiriler: Dwalişwili – Ýan we Pantoža – Wan

7-nji dekabrda ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde şu ýylyň jemleýji ýaryşy UFC 323 geçiriler we onuň çäginde iki titul söweşi bolar. Agşamyň esasy wakasynda has ýeňil agramda çempion Merab Dwalişwili (Gruziýa) 2025-nji ýylda eýýäm dördünji titul goragyny geçirer...

düýn 11:47
938

Formula 1-iň Mercedes topary PepsiCo bilen hyzmatdaşlyk etjekdigini yglan etdi

Formula 1-iň Mercedes topary Amerikanyň transmilli korporasiýasy bolan PepsiCo bilen şertnama baglaşandygyny yglan etdi. Hyzmatdaşlyk korporasiýanyň üç brendi: Gatorade, Sting we Doritos bilen amala aşyrylar. Mercedes...

04.12.2025 23:51
1.7k+

«Formula-1» 2026-njy ýyl üçin sürüjileriň doly sanawyny hödürledi, «Cadillac» ilkinji gezek gatnaşar

2026-njy ýyl möwsümi üçin «Formula-1-iň» toparlarynyň ählisiniň doly düzümi kesgitlendi. Geljekki çempionatda 11 topar, şol sanda täze gatnaşyjy – «Cadillac» çykyş eder. Toparlaryň düzümi 2-nji dekabrda «Red Bull» indiki möwsümde Maks Werstappeniň ýoldaşynyň Isak Hajar boljakdygyny tassyklandan soň yglan edildi...