Türkiýäniň Daşary işler ministri Aşgabada iş saparyny amala aşyrdy

  • 07.03.2021 16:01
  • 8.3k+

Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu Aşgabada iki günlük iş saparyny amala aşyrdy.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, 6-njy martda saparynyň çäklerinde Türkiýäniň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy türkmen kärdeşi, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy. Golaýda Ankarada geçirilen gepleşikleriň netijeliligine kanagatlanma bildirmek bilen, taraplar türkmen-türk gün tertibiniň derwaýys ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Sebit we halkara düzümleriniň çäklerindäki özara hereketler bilen birlikde, syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyga jikme-jik seredilip geçildi.
Taraplar şeýle-de iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň derejesine hem seredip geçdiler.
Diplomatlar şeýle-de ylym, bilim we medeniýet ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň netijeli ilerledilmegi bilen birlikde medeni-ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygy hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Howpsuzlyk, ylaýta-da ekologiýa howpsuzlygy babatynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredilip geçildi.
Saparynyň dowamynda, Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu Aşgabatda ýerleşýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül dessesini goýdy.

düýn 19:38
2.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
3.5k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......