Eýran Türkmenistan bilen gaz söwdasyny dikeltmäge taýýardygyny mälim etdi

  • 18.02.2021 16:46
  • 9.9k+

Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň (NIGC) başlygy Hasan Montazer Torbati ISNA habar gullugy bilen geçirilen ýörite söhbetdeşlikde Eýranyň Türkmenistan bilen gaz söwdasyny dikeltmäge taýýardygyny mälim etdi.

Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky gaz hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada soralanda, ol Eýran Yslam Respublikasynyň bu babatdaky syýasatynyň söwdada we işewürlikde Türkmenistan bilen gatnaşyklary dowam etmekden ybaratdygyny aýtdy.

“Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky gaz şertnamasy halkara arbitražynda gözden geçirildi, netijeler çykaryldy we karar berildi. Indi biz Türkmenistanyň gaz söwdasy babatynda Eýran bilen gatnaşyklary ösdürmek baradaky meýilleriniň nähilidigini görmeli" diýip, Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň başlygy "Türkmengaz" bilen geçirilen kazyýet işindäki ýagdaý barada hem teswir berdi.

Ýeri gelende bellesek, Eýranyň Milli gaz kompaniýasy (NIGC) Eýranyň Nebit ministrliginiň garamagyndaky dört esasy nebit we gaz kompaniýasynyň biridir.

şu gün 12:32
3.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

şu gün 10:46
1.3k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.7k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

12.06.2026 21:08
11k+

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça Saud Arabystanyndan we Russiýadan öňe geçdi

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça dünýäde birinji orna çykdy we köp ýyllaryň dowamynda bu babatda öňdebaryjylygy elden bermedik Saud Arabystanyny hem-de Russiýany yzda galdyrdy. Reuters......