Messi "Barselona" bilen şertnamasynyň aýan edilmegine gahar edip, klubdan gitmekçi bolýar

  • 01.02.2021 18:38
  • 21k+

"Barselonanyň" hüjümçisi Lionel Messi klub bilen şertnamasy baradaky maglumatlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine aýan edilmegine gahar edip, klubdan gitmek isleýär. Oýunçy katalonlardan kimdir biriniň özüne dönüklik edendigine ynanýar diýip, Don Balon habar berýär.

Çeşmäniň habaryna görä, Messi muny görlüp-eşidilmedik ýagdaý diýip häsiýetlendirýär. Ol klubdan kimdir biriniň gizlin maglumat bolandygy üçin howpsuz ýerde saklanylmaly şertnamanyň jikme-jikliklerini metbugata aýdanyna gaharlanýar.
Mälim bolşy ýaly, Ispaniýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Messiniň şertnamanyň dört ýylynda 555 mln ýewro aljakdygy baradaky maglumaty mälim etdiler. Möwsüm üçin 138 mln ýewro, mundan başga-da goşmaça bonuslar hem bar. 115 mln ýewrodan gowrak pul oňa şertnama baglaşandygy üçin tölendi. Tas 78 mln ýewro bolsa – wepalylyk üçin bonus.
Messiniň "Barselona" bilen şertnamasy 2021-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket edýär. Geçen tomus argentinaly hüjümçi katalon klubundan gitmäge synanyşdy, emma soňra galmak kararyna geldi. Häzirki wagtda 33 ýaşly oýunçy üçin esasy dalaşgärler "Mançester Siti" we "PSŽ" hasaplanýar.

düýn 23:49
600

BoxingScene: Usik indiki tutluşygyny Deonteý Waýlder bilen geçirer

Agyr agram derejesinde öňki absolýut dünýä çempiony Aleksandr Usigiň indiki garşydaşy WBC wersiýasy boýunça dünýäniň öňki çempiony Deonteý Waýlder bolup biler. Bu barada «BoxingScene» neşiri promouter Eddi......

düýn 23:41
975

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
8.7k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.7k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......