Jeýms Bond hakyndaky film Nokia smartfonlary sebäpli yza süýşürildi

  • 28.01.2021 22:50
  • 6.8k+

Jeýms Bond hakyndaky filmleriň “Ölmegiň wagty däl” atly soňky bölüminiň režissýorlary premýerany ýene yza süýşürmeli boldular. Sebäbi Nokia brendiniň super içaly tehnikasynyň eýýäm könelendigi üçin esasy sahnalary gaýtadan düşürmeli bolar diýip, kp.ru habar berdi.

007 franşizasynyň hemaýatkär smartfonlarynyň we enjamlarynyň ýörite sanawy bar. Mahabat hökmünde olary filmiň içinde ulanmak, görkezip geçmek göz öňünde tutulýar. Finlýandiýaly tehnologiýa öndürijisi bolan Nokia hem hemaýatkärleriň biri bolup durýar. Baş gahryman filmde Nokia 8.3 5G smartfonyny ulanmalydy.
Fin kompaniýasynyň wekilleri iki ýyl töweregi gijikdirilenden soň, hödürlenen smartfon modelleriniň könelendigini aýtdy. Mahabat hyzmatdaşy tehnikany has aktual modeller bilen çalyşmak üçin öz markalarynyň önümlerinden peýdalanyp, sahnalary täzeden surata düşürmek isledi.
Filmiň goýberilişi 2019-njy ýylyň ýazyna meýilleşdirilipdi, ýöne režissýor bilen baglanyşykly ýüze çykan kynçylyklar sebäpli ol 2020-nji ýyla yza süýşürildi. Soňra koronawirus pandemiýasy premýeranyň ýene yza süýşmegine sebäp boldy. “The Sun” neşiriniň habaryna görä, onuň 2021-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli yza süýşürilendigi belli boldy.
Ýeri gelende bellesek, filmiň premýerasy soňky iki ýylda üç gezek yza süýşürildi.

şu gün 00:03
1.2k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
1k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
513

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
994

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......