Geljek hepdäniň howa maglumaty

Geljek hepdäniň howa maglumaty

Türkmenistanda geljek hepde howanyň maýlamagyna garaşylýar. 11-nji ýanwarda Aşgabatda howanyň derejesi gündiz +15 gradus, gije +10 gradus bolar. Sinoptikler 16-njy ýanwarda howanyň gündizine +19 gradus, gijesine bolsa +12 gradus gyzjakdygyny çaklaýarlar.

Gismeteo.ru web sahypasynyň çaklamasyna görä, hepdäniň ortalarynda Aşgabatda howanyň ýagdaýy üýtgäp durar, ýöne temperatura gije nol gradusdan we gündiz +7 gradusdan aşak düşmez.
Ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda-da howanyň maýlamagyna garaşylýar. Balkanabatda 14-nji ýanwarda howa gündiz +21 gradus, agşam bolsa +11 gradus gyzar. Maryda 16-njy ýanwarda ýylylygyň +21 gradus bolmagyna garaşylýar.
Sinoptikler 16-njy ýanwarda Türkmenabatda howanyň +18 gradus bolmagyna garaşýarlar. Türkmenbaşyda 15-nji ýanwarda howa gündiz +14, agşam +7 gradus bolar, ýöne ertesi gün ýagyş ýagar we +9 gradus sowuk bolar.
Daşoguz welaýatynda howa sowuk bolmagynda galar. Howanyň temperaturasy 10 günüň dowamynda gije +1 gradusdan ýokary bolmaz. Günüň dowamynda iň ýokary temperatura +9 gradusa ýeter. 12-13-nji ýanwarda ýagşyň we garyň ýagmagyna garaşylýar.