Türkmenistan HHR-iň Henan welaýaty bilen gatnaşyklaryny işjeňleşdirýär

  • 08.01.2021 14:37
  • 7.5k+

Düýn Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly HHR-iň Henan welaýatynyň daşary syýasat edarasynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda ulag hem-de logistika, söwda we oba hojalygy pudaklarynda Hytaý Halk Respublikasynyň bu welaýaty bilen ikitaraplaýyn özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga ýurdumyzyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, “Türkmenýüpek” ýapyk paýdarlar jemgyýetiniň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendemirýollary” we “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleriniň wekilleri-de gatnaşdylar.
Pikir alyşmalaryň dowamynda netijeli gatnaşyklaryň ýol kartasyny düzmek üçin umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlamak maksady bilen, teleduşuşyklaryň netijeli boljakdygy bellenildi. Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine we ösdüriljekdigine ynam bildirip, munuň üçin ähli zerur şertleriň we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryň bardygyny nygtadylar.

şu gün 09:02
205

Gresiýa ilkinji gezek öz astronawtyny Halkara kosmos stansiýasyna iberer

Gresiýanyň hökümeti Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) ýurduň taryhynda ilkinji dolandyrylýan kosmos missiýasyny taýýarlaýandygyny mälim etdi. Bu uçuş ýakyn iki ýylyň dowamynda amala aşyrylar we ol ýurduň......

düýn 15:48
4.3k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......