Gurbanguly Berdimuhamedow diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylaryny Täze ýyl bilen gutlady

  • 30.12.2020 15:20
  • 11k+

29-njy dekabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistandaky diplomatik düzümiň duaýýeni, Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin bilen duşuşyk geçirdi. Onlaýn duşuşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hem gatnaşdy.

Milli Liderimiz russiýaly diplomat bilen salamlaşyp, soňky ýyllarda Täze ýyly bilelikde — Türkmenistanda işleýän ähli diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda bellemegiň oňat tejribä öwrülendigini belledi. Ýöne şu ýyl, çylşyrymly ýagdaýlar bilen baglylykda, duşuşyk täze görnüşde geçirilýär.
Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow diplomatik düzümiň duaýýeni hökmünde A.Blohini we onuň üsti bilen Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň ählisini ýetip gelýän Täze, 2021-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de hemmelere ähli gowulyklary, berk jan saglygyny, egsilmez güýç-gaýrat, maşgala abadançylygyny we hoşniýetlilik arzuw etdi. “Goý, Täze, 2021-nji ýyl siziň üçin parahatçylyga we abadançylyga beslensin!” diýip, döwlet Baştutanymyz tüýs ýürekden arzuw etdi.
Russiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Blohin hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, öz nobatynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we onuň üsti bilen ähli türkmen halkyny ýetip gelýän Täze, 2021-nji ýyl bilen gutlady. Duaýýeniň belleýşi ýaly, Türkmenistandaky diplomatik düzüm döwlet Baştutanymyzyň onuň işine örän ünsli we hormat goýmak bilen garaýandygyna ýokary baha berýär. Hut şeýle özara hormat goýmagyň esasynda Türkmenistanyň diňe bir Russiýa Federasiýasy bilen däl, eýsem, beýleki köp sanly ýurtlar bilen gatnaşyklarynyň oňyn netijeleri gazanylýar diýip, ilçi aýtdy we Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalaryň ählisiniň bu sözleri tassyklap biljekdigini belledi.

“Ýetip gelýän ýylda Siz Türkmenistanyň Hökümetiniň öňünde täze uly wezipeleri goýduňyz. BMG-niň Müňýyllygyň ösüş maksatlary bilen baglylykda, şol wezipeleriň çözülmegi ýurduňyzy ösüşiň nobatdaky tapgyryna, senagatlaşdyrmagyň, maglumatlaşdyrmagyň, durnukly ösüşiň täze sepgitlerine çykarmalydyr” diýip, A.Blohin döwlet Baştutanymyza ýüzlenip aýtdy.

“Russiýanyň ilçisi hökmünde strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guralýan russiýa-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýärin. Däp bolan dostluk gatnaşyklary hem-de biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky ýokary derejedäki özara ynanyşmak ýagdaýyndaky gepleşikleriň netijesinde, özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berk binýadyny döretmek başartdy” diýip, A.Blohin sözüniň ahyrynda aýtdy.

Russiýaly ilçi diplomatik düzümiň duaýýeni hökmünde Täze ýyl gutlagy bilen çykyş etmek mümkinçiligi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize berk jan saglygyny, bagt we abadançylyk arzuw etdi hem-de “Täze ýylyňyz gutly bolsun!” diýen sözler bilen çykyşyny jemledi.

şu gün 18:25
219

"Oskaryň" gowşurylyş düzgünleri üýtgedi: indi aktýorlara bir kategoriýada iki gezek dalaşgär bolmaga rugsat berilýär

Amerikan kino akademiýasy "Oskar" baýragynyň gowşurylyşynyň düzgünlerine üýtgetmeler girizdi. Täze düzgünler 2027-nji ýylda geçiriljek baýragyň 99-njy gowşurylyş dabarasyndan başlap güýje girer....

şu gün 18:20
323

Moldowada türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanow hatyralandy

Moldowanyň Aneniý-Noý raýonynyň Delakeu obasynda türkmen ýazyjysy we uruş gahrymany Nurmyrat Saryhanowyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi....

şu gün 14:08
3.3k+

Aşgabatda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler

5-nji maýda Aşgabatda kärhanalar, guramalar, edaralar, hususy telekeçiler we şäheriň ýaşaýjylary üçin boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär....

şu gün 14:04
711

Briksende yşyk we suw festiwaly geçirilýär

Italiýanyň Günorta Tirol sebitindäki Briksen şäherinde täsin yşyk we suw festiwaly dowam edýär. Bu ýylky çäre dünýä parahatçylygyna bagyşlanyp, «Parahatçylygy göz öňüne getir» («Imagine Peace») diýlip......