TNGIZT elektrik beketleriniň durkuny täzelemek boýunça işleri geçirer

TNGIZT elektrik beketleriniň durkuny täzelemek boýunça işleri geçirer

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna zawodlar toplumynyň 1-nji we 2-nji baş peseldiji elektrik beketleriniň durkuny täzelemek barada Konsorsiumyň düzümine girýän Hytaý Halk Respublikasynyň (Gonkong) “INVEST Enterprises Limited” kompaniýasy we “Azap” hususy kärhanasy bilen şertnamany, işleri 18 aýyň dowamynda tamamlamak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Bellenilişi ýaly, resminama «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem tehnologik desgalary abat saklamak, önümçilik işleriniň bökdençsiz alnyp barylmagyny üpjün etmek maksady bilen kabul edildi.