«Milan» 7-nji sekuntda A Seriýa-nyň taryhynda iň çalt pökgini geçirdi

  • 21.12.2020 14:37
  • 9.6k+

“Milanyň” hüjümçisi Rafael Leau ýaryşyň taryhynda iň çalt goly geçirip, A Seriýa-da rekord goýdy. Italiýanyň çempionatynyň 13-nji tapgyrynda "Sassuolo" bilen bolan duşuşykda 21 ýaşly portugaliýaly oýunça hasaby açmak üçin bary-ýogy 6,2 sekunt gerek boldy. Oňa gol pasyny toparyň türk ýarymgoragçysy Hakan Çalhanoglu berdi, ol topy ussatlyk bilen hüjümçiniň öňüne oklady.

Oýnuň 26-njy minudynda “Milanyň” oýunçysy Salemakers öňe saýlandy. "Sassuolo" diňe bir pökgi geçirmegi başardy (Berardi, 89 min.). Netijede, Stefano Pioliniň şägirtleri myhmançylykda 1:2 hasabynda ýeňiş gazandylar.
A Seriýa-da iň çalt goly geçirmek boýunça öňki rekordyň eýesi "Piaçensli" Paolo Podži - 2001-nji ýylyň dekabrynda oýnuň başlanýandygyny aňladýan jürlewükden sekiz sekunt soň "Fiorentinanyň" derwezesine gol salypdy.
Ähli professional futbol ligalaryny göz öňünde tutup, iň çalt gol braziliýaly Karlos Almeidanyň 2011-nji ýylda geçiren pökgüsi hasaplanýar: ol oýnuň 3-nji sekundynda gol saldy. Ýöne Portugaliýanyň dördünji diwizionynda bolan oýunda.
13-nji tapgyryň netijelerine görä, “Milan” 31 utuk toplap,  A Seriýa-da öňdebaryjylygyny saklaýar. Ýene bir milanly topar - “Inter” ondan bir utuk yzda. “Ýuwentus” 27 utuk bilen üçünji orunda ýerleşýär.

şu gün 18:18
277

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

şu gün 13:39
5.2k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

şu gün 10:20
1.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

düýn 14:15
12k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......