Türkmenistan GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisiniň çözgütlerini berkitdi

  • 11.12.2020 21:22
  • 3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň:
- 2021-nji ýyl üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde Daşary işler ministrlikleriniň arasynda köp derejeli geňeşmeleriň Meýilnamasy hakynda Çözgüdine;
- Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň Bilelikdäki beýannamasynyň taslamasy hakynda Çözgüdine;
- Halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň Bilelikdäki beýannamasynyň taslamasy hakynda Çözgüdine;
- Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda 2022-nji ýyly Halk döredijiliginiň hem-de medeni mirasyň ýyly, 2023-nji ýyly –Milletara aragatnaşygyň dili hökmünde rus diliniň ýyly diýip yglan etmek hakynda Çözgüdine Türkmen tarapyndan gol çekmäge ygtyýar berildi.

şu gün 12:54
332

Hytaý dollar bilen bäsleşip biljek sanly töleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar

Hytaý merkezi banklaryň sanly walýutalaryny ulanmak arkaly halkara amallaryny geçirmäge mümkinçilik berjek «mBridge» serhetüsti hasaplaşyklar platformasyny täjirçilik maksatly işe girizmek boýunça taýýarlygy......

düýn 18:57
1.3k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

14.06.2026 15:10
1.2k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

13.06.2026 16:30
991

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......