Mejlisiň wekilleri Parlamentara bileleşigiň guran duşuşygyna gatnaşdy

  • 10.12.2020 12:40
  • 3.5k+

Mejlisiň wekilleri Parlamentara bileleşik tarapyndan wideomaslahat görnüşinde guralan, dünýäniň dürli ýurtlaryndan, abraýly halkara guramalardan bolan parlamentariler we bilermenler bilen “tegelek stoluň” başyndaky duşuşygyna gatnaşdylar.

Tejribe alyşmak üçin maksatnama öwrüljek onlaýn duşuşygyň mowzugy “Parlament monitoringinde we kesgitlemesinde mümkinçilikler we meseleler” diýlip atlandyryldy. Onuň çäklerinde milli parlamentleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, jemgyýetde olaryň ornuny güýçlendirmek hem-de häzirki döwrüň möhüm wezipelerini çözmäge goşandyny artdyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Interaktiw söhbetdeşligiň barşynda parlamentara gatnaşyklaryň orny hem-de wezipeleri barada pikir alşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar geljekde hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine ýokary baha berip, umumy dünýä ösüşiniň global meselelerini çözmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalary birleşdirmek barada bir pikire geldiler.

 

şu gün 00:03
626

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
657

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
332

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
653

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......