Türkmenistan eýran alymynyň aradan çykmagy bilen baglylykda gynanç bildirdi

  • 03.12.2020 13:35
  • 8.5k+

2-nji dekabrda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Golam Abbas Arbab Hales bilen duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly,  R.Meredow EYR-nyň Ilçisine Eýranyň görnükli alymynyň, Eýranyň Goranmak ministrliginiň Gözleg we innowasiýa guramasynyň ýolbaşçysy Mohsen Fahrizadeniň janyna kast edilmegi netijesinde aradan çykmagy bilen baglylykda Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň salgysyna ýazylan gynanç-hatyny gowşurdy.
Hatda, hususan-da, Türkmenistanyň bu jenaýaty berk ýazgarýandygy we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynda göz öňünde tutulan esasy ýörelgelere esaslanyp, zorlugyň islendik görnüşiniň, esasan hem adam pidalaryna sebäp bolýanlaryň, milli we halkara hukugynyň kadalarynyň hem-de ýokary ynsanperwerlik gymmatlyklarynyň gödek bozulýandygy aýratyn nygtalýar.

düýn 22:54
627

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.5k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......