Türkmenistan we Russiýa owganara gepleşikleriň ýola goýulmagyna ýardam etmek meselesini maslahatlaşdy

  • 28.11.2020 22:35
  • 5.2k+

27-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Owganystan boýunça Ýörite wekili Z.Kabulow bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda halkara jemgyýetçiliginiň Owganystanda asudalygyň we durnuklylygyň ornaşdyrylmagy boýunça parahatçylykly gepleşikleriň ýola goýulmagy we herekete getirilmegi ugrundaky tagallalara ýardam bermek bilen bagly meseleler babatynda pikir alyşyldy. 
Şunuň bilen baglylykda, türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Prezidentiniň nobatdaky tapgyrlarynyň biri üçin özüniň syýasy giňişligini bermek arkaly, owganara gepleşikleriniň ilerledilmegine ýardam bermek ugrundaky başlangyçlaryny beýan etdi. Şeýle-de Türkmenistanyň Hökümetiniň Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine ýardam bermäge ygrarlylygy hem beýan edildi, bu bolsa Türkmenistan tarapyndan başy başlanan iri infrastruktura taslamalarynda, şol sanda goňşy ýurduň çäginde muzdsuz esasda bina edilýän ýörite desgalaryň gurluşygynda öz beýanyny tapýandyr.
Duşuşygyň barşynda taraplar sebitde howpsuzlygyň we durnuklylygyň saklanylmagyna gönükdirilen hyzmatdaşlygyň dowam edilmegine özara gyzyklanma bildirdiler.

 

şu gün 22:54
37

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

şu gün 22:49
152

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

düýn 20:41
10k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

düýn 20:15
1.5k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......