Mançester Siti Messä 10 ýyllyk şertnama teklip eder

  • 24.11.2020 23:02
  • 11k+

Iňlis futbol kluby “Mançester Siti” Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň hüjümçisi Lionel Messi üçin uzak möhletli şertnama taýýarlaýar diýip, Sport.es habar berýär.

Gürrüň 10 ýyllyk şertnama barada gidýär. Onuň şertlerine görä, argentinaly hüjümçi birnäçe möwsümi “Sitide”, galanlaryny bolsa "Mançester Sitiniň" “kömekçi” klublarynyň birinde, mysal üçin, Awstraliýanyň “Melburn”, Amerikanyň "Nýu-Ýork Siti", Ýaponiýanyň "Ýokohama Marinos" toparlarynyň birinde geçirmeli.
Messiniň "Barselona" bilen şertnamasy 2021-nji ýylyň 30-njy iýunynda gutarýar. Şoňa laýyklykda, “Mançester Siti” ýanwar aýynda Messi bilen düzgüne laýyk gepleşiklere başlap biler.
Şu ýylyň awgust aýynda Messiniň "Barselonadan" gitmek niýeti barada habar berildi. Ony öz düzümine goşmak üçin ýüz tutanlaryň arasynda "Mançester Siti" hem bardy. Şeýle-de bolsa, iňlis kluby 700 million ýewro möçberinde öwez tölegini geçirmäge taýyn däldi. Argentinaly oýunçynyň özi hem täze topara erkin transfer bolmaga mümkinçilik berýän şertnamanyň birtaraplaýyn ýatyrylmagyny gazanyp bilmedi.
Messi 2004-nji ýyldan bäri "Barselonada" çykyş edýär. Katalon klubunyň düzüminde ol 34 ýaryşda ýeňiş gazandy, alty gezek “Altyn topuň” ýeňijisi boldy.

düýn 23:00
680

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......