Türkmenistan halkara çökgünlikleriniň bilelikde çözülmeginiň zerurlygyna ünsi çekdi

  • 18.11.2020 13:15
  • 7.9k+

«Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky ministrler derejesinde geçirilen duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň wekiliýeti syýasy, ykdysady, ynsanperwerlik, tebigy, tehnogen we beýleki sebäpler bilen baglylykda ýüze çykýan çökgünlik ýagdaýlarynyň bilelikde çözülmeginiň zerurlygyna aýratyn üns çekdi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Çökgünlikleriň öňüniň alynmagy, edil şonuň ýaly-da olaryň ýaramaz netijeleriniň peseldilmegi maksady bilen Türkmenistan özüniň halkara maksatnamalaryna, gaznalaryna we degişli taslamalara gatnaşygyny has hem işjeňleşdirmegi göz öňünde tutýandyr.   

Hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyrylan Adatdan daşary ýagdaýlara dessin seslenmegiň Merkezi Gaznasynyň (CERF) kemala getirilmegine gatnaşmak arkaly ynsanperwer we durmuş häsiýetli meseleleriň çözgüdi babatynda türkmen tarapynyň tagallalary aýratyn bellenilip geçildi.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 8-nji dekabrynda BMG-niň Baş sekretary tarapyndan çagyrylýan CERF-e goýumlaryň yglan edilmegi boýunça öňde duran Ýokary derejeli çäräniň barşynda Türkmenistan bu ynsanperwer Gazna özüniň nobatdaky maliýe goýumy barada resmi ýagdaýda mälim eder.

Mundan başga-da, türkmen tarapy ýurduň BMG-niň Ynsanperwer meseleleriň utgaşdyrylmagy boýunça Müdirligi (UN OCHA) bilen hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilendigine hem aýratyn ünsi çekdi, onuň çäklerinde 2021-nji ýylda täze taslamalaryň bilelikde durmuşa geçirilmegine girişiler.

düýn 22:54
664

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.6k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......