Türkmen daýhanlary zähmet üstünlikleri barada habar berdiler

  • 09.11.2020 18:36
  • 3.5k+

Düýn, Hasyl toýunyň giňden bellenilen gününde Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk wideomaslahatyny geçirdi. Onda döwlet Baştutany Ahal, Balkan, Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynyň häkimlerinden ýurdumyzyň ekerançylarynyň pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilendigi barada hasabatlary kabul etdi.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda merdana daýhanlarymyz Watan harmanyna «ak altynyň» 1 million 250 müň tonnadan gowragyny tabşyrdylar.
Döwlet Baştutany dabaraly çärä gatnaşyjylara ýüzlenip, edermen daýhanlary, mähriban watandaşlarymyzy her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde giňden bellenilýän Hasyl toýy bilen tüýs ýürekden gutlady.

«Edermen daýhanlarymyza geljekde hem halal zähmeti bilen baýamak, çekýän zähmetiniň hözirini görüp, bagtyýar durmuşda ýaşamak üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler dörediler» diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

düýn 22:03
1.1k+

Belgiýada çarlaklaryň sesine öýkünmek boýunça bäsleşik geçirildi

Belgiýanyň De-Panne şäherçesinde her ýyl däp bolan ýewropa bäsleşiginiň nobatdaky sany geçirildi. Bu gezek gatnaşyjylar çarlaklaryň sesine iň ökde öýkünmek ugrunda bäsleşdiler. Oňa Ýewropanyň 16 ýurdundan......

düýn 19:50
1.3k+

Uçuda tarap ädim: Londonda Benksiniň goly çekilen täze heýkel peýda boldy

29-njy aprelde Londonyň taryhy merkezindäki Waterloo meýdançasynda täze bir heýkel peýda boldy. Onuň sütüninde dünýä belli anonim köçe suratkeşi Benksiniň goly goýlupdyr....

düýn 19:23
2.5k+

Teýlor Swift emeli aňdan goranmak üçin sesini we keşbini haryt nyşany hökmünde hasaba aldyrýar

Meşhur aýdymçy Teýlor Swift ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasyna haryt nyşanlaryny hasaba aldyrmak üçin üç sany arza tabşyrdy diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 18:37
1.1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokiodaky “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy

27–29-njy aprel aralygynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekillerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy.......