Tramp ABŞ-nyň prezide­nt saýlawynda ýeňşini­ bellemäge taýýarlaný­ar

  • 04.11.2020 22:00
  • 18k+

ABŞ-nyň häzirki Prezi­denti Donald Tramp AB­Ş-nyň prezident saýlawlarynda ýeňşini bell­emäge taýýarlanýandyg­yny aýtdy.

Trampyň pikiriçe, ol ­Ogaýo, Tehas, Florida­, Jorjiýa, Demirgazyk­ Karolina, Pensilwani­ýa, Miçigan, Wiskonsi­n ýaly ştatlarda Demo­kratik partiýadan dal­aşgär Jo Baýdenden öň­e geçýär. Bu barada G­azeta.Ru habar berýär­.

Tramp çykyşynyň başyn­da deslapky saýlaw ne­tijeleriniň fenomenal­dygyny aýtdy.

“Biz ýeňiş gazanmaga ­taýýar. Hemmämiz ýeňe­ris... Biz garaşmaýan­ ştatlarymyzda ýeňiş ­gazandyk"-diýip, Prezident aýdýar.

3-nji noýabrda ABŞ-da­ döwlet baştutanynyň ­we wise-prezidentiň, ­Wekiller palatasynyň ­435 agzasynyň hemmesi­niň, Senatyň üçden bi­r böleginiň (35 senat­or), 11 ştatyň we iki­ sebitiň häkimleriniň­, şeýle hem käbir şta­tlaryň kanun çykaryjy­ mejlisleriniň saýlaw­lary geçirildi.

“Fox News” teleýaýlym­ynyň habaryna görä, D­emokratik partiýadan ­dalaşgär Jo Baýden sa­ýlawçylaryň 238 sesin­i, Tramp bolsa 213 se­sini aldy. Käbir ştat­larda netijeler entek­ sanalmady.

Amerikanyň Birleşen Ş­tatlarynda saýlawlar ­iki basgançakly meýil­nama boýunça geçirilý­är: birinji etapda he­r ştatyň saýlawçylary­ prezidentlige dalaşg­ärlere ses berýärler.­ Ýeňiji şol ştatdan ä­hli saýlawçylary alýa­r. Saýlawçylar jemi 5­38 sany (Kongresiň ag­zalarynyň sanyna görä­). Hut şolar soňra dö­wlet baştutanyny saýl­aýarlar (şu ýyl ses b­erişlik 14-nji dekabr­da meýilleşdirilýär).­ Ýeňmek üçin hökmany ­suratda 270 ses almal­y.

Saýlawyň netijeleri, ­esasan, garşydaşlaryň­ reýtinginde tapawut ­az bolan "iki göwünli­" ştatlaryň netijeler­ine baglydyr.

şu gün 14:40
815

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

şu gün 14:16
1.6k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....

düýn 16:15
3.6k+

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer tiz wagtdan wezipesinden çekiler

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer Leýboristik partiýanyň lideri wezipesinden gitmekçidigini mälim etdi we özüniň deregine täze ýolbaşçy saýlanýança hökümete baştutanlyk etmegini dowam......

düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....