Howa menzilinde we uçarda koronawirusdan nähili goranmaly

  • 18.10.2020 17:40
  • 14k+

ABŞ-nyň Ulag howpsuzlygy edarasy (TSA) howa menzilinde we uçarda koronawirusdan nähili goranyp boljakdygyny aýtdy diýip, “Express” neşiri ýazýar. Muny ren.tv ýetirýär.

Ilkinji talap mümkin bolan ýerde (meselem, barlag-geçiriş nokadynda) sosial araçägi berjaý etmekden ybarat. Adamlaryň arasyndaky uzaklyk 183 santimetr töweregi bolmaly. Hünärmenler syýahatyň dowamynda örtügi dakynmagyň zerurdygyny hem ýatladýarlar.
Şeýle-de, uçuşdan öňki barlagda üstki eşikler üçin berilýän gaplardan hem ägä bolmak gerek, sebäbi köplenç, olar hapa bolýarlar. 2016-njy ýylda Nottingem uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň Milli saglygy goraýyş we sosial üpjünçiligi instituty howa menzilinde iň hapa ýeriň nirededigini anyklamak üçin barlag geçirdiler. Netijede, iň hapa ýer şol ýatlanylan gaplar boldy. Barlagçylar olaryň deň ýarysynda diýen ýaly dümewiň we beýleki keselleriň wiruslaryny ýüze çykardylar.
Munuň sebäbi ýolagçylaryň şol gaplara köp sanly hapa zatlary hem yzygiderli goýýandygy bilen baglydyr. Şonuň üçin barlag nokadynda goşlar ýokançly bolup biljek ýerler bilen galtaşmaz ýaly, olary el goşlarynda ýerleşdirmek maslahat berilýär. Hünärmenler arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegiň, meselem, elleri yzygiderli, şol sanda barlag işinden öň we soň ýuwmagyň zerurdygyny hem belleýärler. Munuň üçin dezinfeksiýa serişdelerini ulanmak ýerliklidir.
Ýola çykjaklar uçuşdan öňki çärelere hem has köp wagt aýyrmagy göz öňünde tutsalar gowy, çünki koronawirus pandemiýasy işgärleriň düzüm sanawyna täsirini ýetirdi we howa menzillerinde ähli barlaglar adaty ýagdaýyndan biraz uzaga çekýär.

12.05.2026 15:08
4k+

«Birlik» platformasy araçysyz söwda etmegiň aňsat usulyny hödürleýär: özem mugtuna

Biziň döwrümizde söwdanyň netijeliligi gönüden-göni karar kabul edişiň tizligine baglanýar. Emma marketlere, toý mekanlaryna öz tekjelerini doldurmak üçin, üpjün edijilere bolsa harydy ýerlemek üçin elmydama......

12.05.2026 13:52
4k+

«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting»......

11.05.2026 21:10
4.2k+

«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär....

11.05.2026 09:43
9.5k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....