Messiniň bahasy sekiz ýyl öňki derejesine çenli peseldi

  • 11.10.2020 07:08
  • 13k+

Transfermarkt portaly La liganyň oýunçylarynyň bazar bahasy boýunça täzelenen maglumatlary hödürledi. Sanawyň onlugynda “Barselonanyň” kapitany Lionel Messi birinji orunda durýar. Bu barada news.sportbox.ru habar berýär.

Argentinaly oýunçynyň bazar bahasy häzir 100 mln ýewro bilen bahalandyrylýar. Bu soňky sekiz ýylyň içinde futbolçynyň iň pes görkezijisidir, 2012-nji ýylyň 3-nji fewralynda Transfermarkt ony 100 mln ýewro bilen bahalandyrdy. 2018-nji ýylyň başynda oýunçynyň bahasy özüniň ýokary derejesine ýetip, 180 milliona barabar boldy.
Belläp geçsek, Messiniň katalon kluby bilen häzirki şertnamasy boýunça, ondan ýüz öwürmegiň bahasy 700 million ýewro deňdir.

düýn 16:56
6k+

Aleksandr Usik garşydaş hökmünde Deonteý Uaýlderi saýlady

Dünýäniň iň güýçli agyr agramly söweşijisi Aleksandr Usik indiki söweş üçin esasy garşydaşyň amerikaly Deonteý Uaýlder hasaplanýandygyny aýtdy. Bu barada ol Bangkokda geçirilen Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) konwensiýasy mahalynda mälim etdi...

düýn 16:42
6.7k+

UFC 323-de iki çempionlyk söweşi geçiriler: Dwalişwili – Ýan we Pantoža – Wan

7-nji dekabrda ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde şu ýylyň jemleýji ýaryşy UFC 323 geçiriler we onuň çäginde iki titul söweşi bolar. Agşamyň esasy wakasynda has ýeňil agramda çempion Merab Dwalişwili (Gruziýa) 2025-nji ýylda eýýäm dördünji titul goragyny geçirer...

düýn 11:47
1k+

Formula 1-iň Mercedes topary PepsiCo bilen hyzmatdaşlyk etjekdigini yglan etdi

Formula 1-iň Mercedes topary Amerikanyň transmilli korporasiýasy bolan PepsiCo bilen şertnama baglaşandygyny yglan etdi. Hyzmatdaşlyk korporasiýanyň üç brendi: Gatorade, Sting we Doritos bilen amala aşyrylar. Mercedes...

04.12.2025 23:51
1.7k+

«Formula-1» 2026-njy ýyl üçin sürüjileriň doly sanawyny hödürledi, «Cadillac» ilkinji gezek gatnaşar

2026-njy ýyl möwsümi üçin «Formula-1-iň» toparlarynyň ählisiniň doly düzümi kesgitlendi. Geljekki çempionatda 11 topar, şol sanda täze gatnaşyjy – «Cadillac» çykyş eder. Toparlaryň düzümi 2-nji dekabrda «Red Bull» indiki möwsümde Maks Werstappeniň ýoldaşynyň Isak Hajar boljakdygyny tassyklandan soň yglan edildi...