«John Deere-den» satyn alynmagy teklip edilýän oba hojalyk tehnikalarynyň sanawy taýýarlanyldy

  • 03.10.2020 19:40
  • 9.9k+

Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde wise-premýer G.Müşşikow gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy, obasenagat toplumynda telekeçiligiň ornuny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

2019-njy ýylda birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen «John Deere Walldorf Gmbh & Co.KG» kompaniýasynyň arasynda gol çekilen Özara düşünişmek hakynda strategik ylalaşyga hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 31-nji ýanwarynda gol çeken Kararyna laýyklykda, ady agzalan kompaniýadan 107 sany fiziki taraplar üçin oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň birinji tapgyryny karz serişdeleriniň hasabyna satyn almaga ygtyýar berildi.
Bu tehnikalaryň bir bölegi ýurdumyza gelip gowuşdy, galan bölegini şu ýylyň ahyryna çenli we käbir tehnikalary geljek ýylyň aprel aýyna çenli getirmek meýilleşdirilýär.
Ýeňillikli şertlerde döwrebap tehnikalaryň satyn alynmagy oba hojalygy bilen meşgullanýan hususy taraplaryň tehniki üpjünçiligini gowulandyrmaga we agrotehniki talaplara laýyklykda, ekin dolanyşygyny alyp barmaga uly mümkinçilikleri berýär.
Strategik ylalaşyga laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan «John Deere» kompaniýasynyň üpjün etmeginde hususy taraplar üçin satyn alynmagy teklip edilýän traktorlaryň hem-de beýleki oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň sanawy taýýarlanyldy.

şu gün 09:58
2.9k+

Hytaýda dünýäniň iň uly demir ýol menzili açyldy

Hytaýyň Çunsin şäherinde meýdany boýunça dünýäde iň uly hasaplanýan Gündogar demir ýol menziliniň gurluşygy tamamlandy. Umumy meýdany 1,22 million kwadrat metr bolan bu ägirt uly toplum Hytaýyň ýokary tizlikli......

şu gün 09:24
2k+

Hindistan sentýabryň ahyryna çenli şeker satmagy gadagan etdi

Hindistanyň hökümeti 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabryna çenli daşary ýurtlara şeker satmagy bütinleý gadagan etdi. Bu çäklendirme dessine güýje girdi we indiki degişli buýruga çenli dowam eder....

düýn 14:43
8.8k+

Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox......

14.05.2026 19:01
1.6k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....