Pandemiýa döwründe ulaglaryň baglanyşyklylygyny pugtalandyrmak meseleleri maslahatlaşyldy

  • 30.09.2020 13:29
  • 8.9k+

Düýn göni wideoaragatnaşyk arkaly «COVID-19 pandemiýasy döwründe SPEKA sebitinde we onuň çäginden daşarda ulaglaryň baglanyşyklylygynyň pugtalandyrylmagy» atly sebitleýin dialog geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasy, onuň sebitleýin komissiýalary we ýöriteleşdirilen degişli edaralary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda guraldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Foruma BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Fekitamoeloa Utoikamanu, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary hanym Olga Algaýerowa, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (EСKATO), BMG-niň Ösüş maksatlarynda işleri utgaşdyrmak boýunça Müdirliginiň ýolbaşçylary we jogapkär wekilleri, şeýle hem Owganystan Yslam Respublikasynyň jemgyýetçilik işleri ministri, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ulag ministrleriniň orunbasarlary gatnaşdylar.
Halkara guramalaryň bu ugurda işleýän hünärmenleriniň we bilermenleriniň gatnaşmagynda geçirilen onlaýn duşuşygyň barşynda koronawirus pandemiýasy döwründe ulag we kommunikasiýa ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ileri tutulýan meselelerine garaldy. Merkezi Aziýanyň we oňa ýanaşyk sebitleriň döwletleriniň ykdysady ulgamlarynyň häzirki wagtda täze görnüşli ýokanjyň ýaýramagynyň netijesinde dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýa uýgunlaşmagynyň ýiti zerurlygy bu meseläniň möhümligini we ähmiýetini artdyrýar.
Şunuň bilen baglylykda, halkara ulag geçelgeleriniň netijeli hereketini ýokarlandyrmak, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynyň emele getirilmegine we ösdürilmegine gatnaşýan döwlet edaralarynyň we kompaniýalaryň hereketlerini işjeňleşdirmek meselelerinde halkara tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň aýratyn ähmiýeti nygtaldy. Häzirki döwrüň aýratynlyklary nazarda tutulyp, ulag düzümleriniň adatdan daşary ýagdaýlarda işlemegini üpjün edýän täze halkara-hukuk gurallarynyň işlenilip düzülmeginiň zerurlygyna üns çekildi.
Wideoforuma gatnaşyjylar duşuşygyň gün tertibine girizilen meseleleri çözmek maksady bilen, özara gatnaşyklary ösdürmek boýunça pikir alyşdylar hem-de anyk teklipler bilen çykyş etdiler.
Sebit gepleşikleriniň barşynda gatnaşyjy ýurtlaryň we BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meýli tassyklanyldy. Onuň netijeleri boýunça ylalaşykly jemleýji resminama kabul edildi.

düýn 23:57
850

Reuters: Volkswagen 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 19 müň işgärini işden boşadýar

Germaniýanyň Volkswagen awtokonserni işgär sanyny azaltmak maksatnamasynyň çäginde, 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 19 müň işgärini işden boşatmagy meýilleşdirýär. Bu barada Reuters agentligi kompaniýanyň baş......

düýn 10:04
4.9k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 22:20
6.2k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 22:18
6.4k+

Modi Hindistanyň premýer-ministri hökmünde rekord goýdy

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi ýurduň häzirki taryhyndaky ähli hökümet baştutanlarynyň arasynda bu wezipäni üznüksiz we iň uzak wagtlap eýelän premýer-ministr hökmünde rekord goýdy....