Kuweýtde täze emir yglan edildi

  • 30.09.2020 13:10
  • 13k+

Kuweýtiň mirasdüşer şazadasy şeýh Nawaf al-Ahmed al-Jaber as-Sabah Kuweýt hökümeti tarapyndan sişenbe güni ýurduň täze emiri diýlip yglan edildi, bu barada günbatar KHBS-i habar berýär. Muny interfax.ru ýetirýär.

Kuweýtiň konstitusiýasyna laýyklykda, täç şazadasynyň parlamentde kasam kabul edeninden soň, resmi taýdan häkimiýet başyna geçjekdigi bellenilýär.
Oňa çenli şazada Içeri işler ministri we Milli gwardiýa serkerdesiniň orunbasary bolup işledi.
Sişenbe güni Kuweýtiň emiri şeýh Sabah al-Ahmad Al-Sabahyň 91 ýaşynda aradan çykandygy habar berildi.
Emir operasiýadan soň reabilitasiýada bolan ýerinde, ABŞ-da aradan çykdy. Sabah Al-Sabah ABŞ-da bejergi alýan wagtynda şeýh Nawaf Al-Sabah ýurdy dolandyrýardy.

şu gün 14:57
3k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

düýn 10:08
3k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.7k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....