Hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdan daşary mejlisi geçirildi

Hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdan daşary mejlisi geçirildi

17-nji sentýabrda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdan daşary mejlisi boldy. Oňa Türkmenistanyň iri ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de Gazagystan Respublikasynyň ýurdumyza gelen Premýer-ministri Askar Mamin gatnaşdylar.

Duşuşygyň çäklerinde taraplar bilelikdäki toparyň ozalky mejlisleriniň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini hem-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň we Gazagystanyň möhüm ähmiýet berýän nebitgaz, ulag-aragatnaşyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna aýratyn üns berildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň çäk taýdan amatly ýerleşmeginiň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we goňşy sebitleriň arasynda ykdysady hem-de söwda hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berýän möhüm ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek boýunça täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakda özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginde ähmiýetlidigini nygtadylar.