TNGIZT HHR-iň kompaniýasyndan sorujy enjamy we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn alar

TNGIZT HHR-iň kompaniýasyndan sorujy enjamy we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn alar

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy öz serişdeleriniň hasabyna önümçilikde zerur bolan sorujy enjamy we dürli görnüşli sorujy enjamlaryň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň “Helensville Group Limited” kompaniýasy bilen şertnamany baglaşar.

Munuň üçin degişli ygtyýar berýän Karara Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.
Bellenilişi ýaly, bu resminama “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna” laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem zawodlar toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen kabul edildi.