«Real» dört oýunçysyny satyp, 100 mln ýewro gazanmakçy bolýar

  • 06.09.2020 12:14
  • 17k+

Madridiň «Realy» transfer penjiresinde birnäçe futbolçysyny satmagy meýilleşdirýär. Bu barada gazeta.ru habar berýär.

Ispan kluby hüjümçi ýarymgoragçy Garet Beýli, şeýle-de hüjümçiler Mariano Dias bilen Borha Maýoraly satmakçy bolýar. Klubda bu futbolçylary satmak bilen 100 mln ýewro töweregi gazanmagy göz öňünde tutýarlar. Klubdan Lukas Waskesiň hem gitmegi mümkin, ýöne onuň özi «Realdan» aýrylmak islemeýär.
Belläp geçsek, Beýl öz wagtynda «Realyň» iň gymmat satyn alan oýunçysy bolupdy, ýöne Çempionlar ligasyndaky haýran ediji gollaryna garamazdan, ol kluba öwrenişip bilmedi.
Ispaniýanyň çempionatynyň täze möwsümi 11-nji sentýabrda başlaýar. «Real» 20-nji sentýabrda myhmançylykda «Real Sosýedad» klubyna garşy birinji duşuşygyny geçirer.

şu gün 10:19
92

Donnarumma möwsümiň iň gowy derwezebany hökmünde FIFA-dan The Best baýragyny aldy

Italiýaly derwezeban Janluiji Donnarumma geçen möwsümiň iň gowy derwezebany hökmünde FIFA-nyň The Best baýragynyň eýesi boldy. Bu barada guramanyň resmi saýtynda habar berildi. Häzirki wagtda «Mançester Sitide» çykyş edýän derwezeban bu baýragy 2024-nji ýylyň 11-nji awgustyndan 2025-nji ýylyň 2-nji awgusty aralygyndaky ajaýyp çykyşlary üçin aldy...

şu gün 10:17
212

Mbappe «PSŽ-e» garşy kazyýet işinde utdy: klub oňa 61 mln ýewro tölär

Fransiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kilian Mbappe öňki kluby «Pari Sen-Žermene» garşy tölenmedik zähmet haklary we bonuslar bilen bagly kazyýet işinde ýeňiş gazandy. Parižiň Zähmet dawalary boýunça kazyýeti «PSŽ-ni» futbolça rugsat tölegleri bilen birlikde 61 mln ýewro tölemäge borçlandyrdy...

şu gün 10:14
200

Ýylyň iň gowy goly üçin Puşkaş baýragyny argentinaly Santýago Montiel aldy

«Independente» klubunda çykyş edýän argentinaly futbolçy Santýago Montiel 2025-nji ýylyň iň owadan goly üçin Puşkaş baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) metbugat gullugy habar berdi...

şu gün 10:04
171

Usman Dembele FIFA tarapyndan möwsümiň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

«Pari Sen-Žermeniň» fransiýaly hüjümçisi Usman Dembele Halkara futbol federasiýasy (FIFA) tarapyndan 2024/25 möwsüminiň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Bu barada gurama Dohada geçirilen The Best FIFA Football Awards dabarasynda yglan etdi...