Aşgabatda we Mary welaýatynda täze mekdepler açyldy

  • 02.09.2020 11:10
  • 21k+

1-nji sentýabrda — Bilimler we talyp ýaşlar gününde Aşgabatda 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebiniň açylyş dabarasy boldy.

Täze okuw binasynyň toplumyna 720 okuwçy orunlyk mekdep hem-de 320 körpä niýetlenen taýýarlaýyş topary girýär.
Ýöriteleşdirilen toplumda innowasion taýdan okatmagyň konsepsiýasyna laýyklykda, taýýarlaýyş toparyndan başlap, esasy dersler bilen bir hatarda, türkmen, iňlis we rus dilleri çuňlaşdyrylyp öwrediler, zerur bolan ýagdaýynda bolsa beýleki daşary ýurt dilleri hem öwrediler. Şeýle hem okuw maksatnamasy aýdym, çeper döredijilik, tehniki gurnama ýaly dersler we beýlekiler bilen baýlaşdyrylypdyr.
Goşmaça okuwlar okuwçylaryň başarnyklaryna görä guralar. 5-nji synpdan başlap, iňlis dilindäki dersleriň sany artdyrylar, 6-njy synpdan başlap, mekdebiň okuw meýilnamasynyň esasynda käbir dersleri iňlis diline geçirmek maksat edinilýär.
Bu ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebiniň taýýarlaýyş toparynda günüň ikinji ýarymynda ýaş aýratynlyklaryna, körpeleriň ukyplaryna laýyklykda, akyl ýetiriş oýunlary arkaly okatmagyň häzirki zaman usullarynyň kömegi bilen daşary ýurt dillerini, surat çekmegi, aýdym-sazy, tans etmegi, hereketli oýunlary öwretmegi guramak meýilleşdirilýär. Şeýle hem çagalar öz gyzyklanmalaryna görä, aýdym-saz, surat çekmek, sport gurnaklaryna çekiler.
Täze 2020-2021-nji okuw ýylynda mekdep okuwçylary bu ýöriteleşdirilen mekdebe söhbetdeşlik esasynda, taýýarlaýyş toparyna bolsa 5 ýaşly çagalar kabul edildi. Birinji synpa 6 ýaşly çagalar alyndy, beýleki mekdeplerden bu mekdebe geçmek islänler 2 synpdan geçirildi. Mekdepde ene-atalaryň islegine görä, uzaldylan günüň topary işlär.
Mundan başga-da, mekdebiň okuw-tejribe zolagynda howanyň ýagdaýyny synlamak üçin meteorologiýa stansiýasy hem-de meýdany 250 inedördül metr bolan ýyladyşhana guruldy. Bu ýerde okuwçylar tejribeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda agaçlaryň, bakja ekinleriniň we gülleriň dürli görnüşleriniň nahallaryny ösdürip ýetişdirmegiň usullaryny özleşdirerler.
Şeýle hem Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Sandykgaçy geňeşliginiň Oktýabr obasynda 320 orunlyk iki gatly täze mekdebiň açylyş dabarasy boldy.
Bu ýerde kompýuter, lingafon, multimediýa otaglary, sport zallary, naharhana, maslahatlar zaly, lukmançylyk bölümi, kitaphana, aýdym-saz otagy bar. Olarda çagalaryň okamagy üçin hemme zerur şertler döredildi.

düýn 20:41
1.2k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.5k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......