Dünýäde nebitiň bahasy pese düşýär

Dünýäde nebitiň bahasy pese düşýär

Nebitiň dünýä bahasy duşenbe güni, 24-nji awgustda bazaryň dowamynda pese düşýär. WTI nebitine oktýabr fýuçersleri 0,14% pese düşüp, barreline 42,28 dollara barabar boldy. Brent belgili nebite fýuçersler oktýabrdaky üpjünçiligi bilen 0,07%, ýagny barreline 44,32 dollara çenli pese gaçdy. Bu barada russian.rt.com habar berýär.

Bahalaryň pese düşmegine Ýewropada we Aziýada koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy öz täsirini ýetirýär. Bu, umuman, tutuş dünýäde gerekli hojalyk işjeňliginiň doly derejede dikelmegi üçin mesele döredýär. Bu bolsa, degişlilikde, energiýa göterijilerine bolan islegi azaldýar.
Bahalaryň pese düşmegi Meksikan aýlagynda nebiti gazyp alyjy obýektlere tebigy hadysanyň urgy urmagynyň netijesinde hem bolup geçdi. Olardan 60%-i bu ýer üçin adaty bolan iki harasatyň bolmagyna garaşylýandygy sebäpli togtadyldy.
ABŞ-da nebiti gazyp alyjy gurluşlaryň sany on bir san ýokarlandy we jemi 183 sany hereket edýän gurluşa barabar boldy. Bu soňky dört hepdäniň içinde birinji ösüş ýagdaýy bolup durýar.
Walýutalaryň üýtgemegine nebit bazaryndaky üýtgeşmeler, ýagny OPEK+ mejlisine gatnaşyjylaryň belli bir netijä gelip bilmezligi hem täsir etdi. Şertnama başa barmandan soň, nebite bahalar 30% pese gaçdy.
Maý aýyndaky ylalaşyga laýyklykda, OPEK+ şertnamasyna gatnaşyjy ýurtlar maý-iýunda nebiti gazyp alyjylygy bir gije-gündizde 9,7 mln barrel kemeldýärler, ikinji ýarymýyllykda 7,7 mln we 2022-nji ýylyň apreliniň ahyryna çenli 5,8 mln barrel kemeldýärler.