Türkmenistanda salgytlary onlaýn tölemek ulgamy ornaşdyrylýar

  • 21.08.2020 23:52
  • 10k+

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýeti «Elektron salgyt» ulgamyny işe girizýär. Ol raýatlara onlaýn salgyt beýannamalaryny bermäge mümkinçilik berer we işiň gidişini doly ýönekeýleşdirer diýip, TDH ýazýar.

Bu täzelik ministrlikde elektron resminama dolanyşygynyň ýola goýulmagynyň netijesinde mümkin boldy. Işlenip düzülen ulgam salgyt amallaryny ýönekeýleşdirer, şeýle hem olaryň hasaplamalaryny has dessin we doly amala aşyrar.
«Elektron salgyt» ulgamy salgyt töleýjilere barlagy özleri bolmazdan hem amala aşyrmaga mümkinçilik berer. Ýagny barlaglar elektron salgyt beýannamalary we raýatlar tarapyndan ozal berlen beýleki resminamalar esasynda amala aşyrylar.
Täze ulgamy ornaşdyrmagyň ikinji tapgyrynda onlaýn salgyt töleglerini geçirmek üçin banklar bilen aragatnaşygy ýola goýmak meýilleşdirilýär.
Elektron resminama dolanyşygy Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde 1-nji iýuldan bäri hereket edýär. Täze ulgam ministrligiň merkezi edarasyny, şeýle hem onuň ähli sebitlerdäki we Aşgabat şäherindäki merkezi dolandyryş edaralaryny öz içine alýar. Ol mart aýynyň ahyrynda kabul edilen «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» kanunyň ähli talaplaryna laýyk gelýär.
Ýeri gelende bellesek, sanlylaşdyrmak Maliýe we ykdysadyýet ministrligine netijeliligi ýokarlandyrmaga we resminamalardaky borçlaryň ýerine ýetirilişini has çalt yzarlamaga mümkinçilik berdi.

düýn 22:55
213

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

düýn 18:16
2.6k+

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....

düýn 15:51
3.5k+

Wýetnam 16 milliard dollarlyk täze mega howa menzilini gurýar

Wýetnam dünýäde iň uly infrastruktura taslamalarynyň birini - 16 milliard dollarlyk Longthan mega howa menziliniň gurluşygyny durmuşa geçirmäge başlady....

düýn 11:22
1.7k+

Peter Madýar Wengriýanyň täze premýer-ministri boldy

«Tisa» partiýasynyň lideri Peter Madýar täze çagyrylyşdaky Döwlet ýygnagynyň (bir palataly parlament) birinji mejlisinde Wengriýanyň premýer-ministri wezipesine saýlandy. Onuň dalaşgärligini 140 deputat......