Messi özüni koronawirusdan goramagyň ugruny tapdy

  • 09.08.2020 11:40
  • 28k+

Barselonanyň we Argentinanyň hüjümçisi Lionel Messi koronawirusdan «goranmagyň» ýoluny tapdy. Ol koronawirusa garşy ýörite düşekçede ýatýar diýip, Mundo Deportivo salgylanyp, sports.ru habar berýär.

Dört sagadyň dowamynda islendik wirusy ýok edýän düşekçäniň matasynda nanobölejikleriň bardygy bellenilýär. Bu düşekçede koronawirus ýokançlygyndan goranmagyň ähtimallygy 99,84%-e deňdir.
Mundan başga-da, şeýle düşekleriň, modeline baglylykda, başga funksiýalary hem bar. Olardan, esasan hem, futbolçy üçin möhüm bolan aýaklar üçin wibro-owkalama ulgamyny bellemek bolar.
Messiniň öz öýüne koronawirusa garşy düşekleri satyn alanyna hoşal bolandygy bellenilýär.

düýn 14:40
1.1k+

London marafony – 2026 taryhda iň köpçülikleýin marafon boldy: tas 60 müň adam gatnaşdy

2026-njy ýylyň TCS London marafony pellehana ýeten gatnaşyjylaryň sany boýunça rekord goýup, dünýäde iň köpçülikleýin marafon adyny resmi taýdan gaýtaryp aldy....

düýn 09:59
5.4k+

ÇL-iň ýarymfinaly: «PSŽ» bilen «Bawariýa» 9 golly dartgynly oýun görkezdiler

Pariźdäki «Park-de-Prens» stadionynda «PSŽ» we «Bawariýa» jemi dokuz gol urulmagy bilen tamamlanan dartgynly oýun görkezdiler. UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji duşuşygy pariźli toparyň......

28.04.2026 16:14
4k+

Tedesko «Fenerbahçeniň» baş tälimçisi wezipesinden aýryldy

«Fenerbahçe» topary baş tälimçi Domeniko Tedeskonyň wezipesinden aýrylandygyny yglan etdi. Bu barada türk klubunyň metbugat gullugy habar berýär....

28.04.2026 14:43
8.4k+

Dünýä çempionatynyň finalynyň biletleri 2,3 mln dollardan satylýar

FIFA-nyň resmi gaýtadan satuw platformasynda 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygyna dört sany bilet peýda boldy. Olaryň her biriniň bahasy 2,3 million dollara golaýlaýar....