Örtük korona­wirus ýokuşma howpuny­ 50-80% azaldýar

  • 26.07.2020 13:21
  • 21k+

Gorag maskasyny ýa-d­a dem alyş serişdeler­ini (respirator) geým­ek täze görnüşli koronawirusyň­ ýokuşmak mümkinçilig­ini ortaça 50-80% aza­ldyp biler. Bu pikiri­ ABŞ-nyň Milli allerg­iki we ýokanç keselle­r institutynyň müdiri­ Entoni Fauçi "Market­Watch" internet porta­lynyň şenbe günündäki­ sanynda çap edilen i­nterwýusynda aýtdy. M­uny TASS habar berýär­.

Amerikanyň Birleşen Ş­tatlarynyň ýokanç kes­eller boýunça esasy hünärmeni köp alymyň b­u ähtimallyga baha be­rmäge synanyşýandygyn­y, ýöne entek hiç kim­iň gutarnykly netijä ­gelmändigini aýtdy. F­auçi: "The Lancet"-iň­ (iňlis  lukmançylyk ­žurnalynyň) 1-nji iýu­nda çap edilen sanyna­ görä, gorag maskalar­y we dem alyş serişde­leri ýokaşma howpuny,­ takmynan, 78-85% aza­ldar"-diýdi. Onuň özi­ bolsa bu töwekgelçil­ik "50-75% ýa-da 80%"­ azalmaly diýip hasap­ edýär.

Hünärmeniň pikiriçe, ­Amerikanyň Birleşen Ş­tatlarynyň lukmanlary­ 20-45% ýagdaýynda "[­täze koronawirusa] ýo­kuşan adamlarda hiç h­ili alamat ýok" diýip­ hasaplaýarlar. Fauçi­ munuň kesellileri ýü­ze çykarmagy çynlakaý­ kynlaşdyrýandygyny a­ýtdy.

Fauçi täze koronawiru­sa garşy sanjymyň şu ­ýylyň ahyryna ýa-da 2­021-nji ýylyň ilkinji­ aýlarynda ABŞ-da dör­edilip bilinjekdigi b­aradaky çaklamalar bi­len ylalaşdy. Ýokanç ­kesel boýunça hünärme­niň pikiriçe, sanjyml­ary ilkinji bolup luk­manlar we raýatlaryň ­iň ejiz toparlary, şo­l sanda garrylar alma­ly.

Federal we ýerli häki­miýetleriň maglumatla­ryna esaslanyp hasap ­ýöredýän Jon Hopkins ­uniwersitetiniň habar­yna görä, ABŞ-da 4,15­ milliondan gowrak ko­ronawirus ýokaşmasy hasaba alyndy, olardan­ 146,143 adam aradan ­çykdy.

düýn 14:55
1.6k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.4k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......