Tesla «Toyotadan» öňe geçip, iň gymmat awtomobil kompaniýasy boldy

  • 24.07.2020 23:20
  • 11k+

Tesla kompaniýasy ozalky lider “Toyota” ýapon awtomobil gurluşyk konserninden öňe geçip, dünýäde iň gymmat awtomobil öndüriji kompaniýa boldy. Teslanyň girdejisi koronawirus keseliniň epidemiýasyna we awtomobillere bolan islegiň birden pese gaçmagyna garamazdan, ösmegini dowam etdirýär. Tesla kompaniýasy özüniň 17 ýyllyk taryhynyň içinde birinji gezek bassyr dört çärýek yzygider girdeji aldy. Ikinji çärýegiň jemi boýunça awtoöndürijiniň sap girdejisi 2019-njy ýylyň ikinji çärýegindäki $408 mln ýitgä garşylykda $104 milliona barabar boldy. Bu barada “TWSJ” neşiri kompaniýanyň resmi wekillerine salgylanmak bilen habar berýär. Muny glas.ru ýetirýär.

2019-njy ýylyň üçünji çärýeginden başlap, Tesla çalt ösüşi görkezdi. 2020-nji ýylyň başynda kompaniýanyň girdejileri epidemiýa sebäpli kemeldi, muňa garamazdan, Tesla 16 mln dollar möçberinde girdeji aldy. Awtomobilleriň satuwyndan girdeji çärýek aňlatmasynda 1% ýokarlandy, ýöne ýyllyk aňlatmasynda 4% pese düşmek bilen $5,179 milliarda barabar boldy.
Model S elektromobilleriň söwdasy ýyllyk aňlatmasynda 40%, ýagny 10,614 müň elektromobile çenli pese gaçdy, Model 3-iň söwdasy 3% ýokarlanmak bilen, 80,277 müň awtomobile barabar boldy. Yzygider dört çärýegiň içinde girdeji gazanmak kompaniýanyň paýnamalaryny S&P 500 indeksine girizmek üçin ýol açýar.
Neşir pandemiýanyň Teslanyň öňde goýan bir ýylyň içinde 500 müň elektromobili öndürmek bilen bagly maksadyna ýetmek ukybyny sorag astyna goýandygyny belleýär, bu 2019-njy ýylda çykarylan elektromobillerden 36% köpdür. Muňa garamazdan, Tesla bu wezipäni pandemiýa sebäpli kynlyk bilen ýerine ýetirjekdigini resmi taýdan aýdyp, bu maksadyndan ýüz öwürmedi.
2020-nji ýylyň birinji bazarlarynyň açylyşynda Teslanyň paýnamalary biržada sanyna $440-dan satyldy. Geçen bazar tapgyrynyň ýapylyşynda bahalar $1592 bolupdy, bazarlar ýapylandan soň paýnamalar $1657-ä çenli gymmatlady.

düýn 12:11
7.4k+

Dünýäde iň köp satylan awtomobil brendleriniň reýtingi çap edildi: Toyota — lider, BYD top-5-de

Toyota 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda awtomobil satuwynyň möçberi boýunça ägirt uly artykmaçlygy saklaýar – Ýaponiýanyň awtoägirdi 4,73 million sany ulag satdy (ýyllyk görkezijide 6% ösüş). Şol bir wagtda Hytaý öndürijileri BYD we Geely reýtingde öz orunlaryny ep-esli berkitdiler...

düýn 08:22
964

Hyundai köpçülikleýin çykjak pilotsyz MobED rowerini görkezdi

Hyundai 2021-nji ýylda ilkinji gezek yglan edilen MobED (Mobile Essentric Droid) ykjam platformasynyň köpçülikleýin önümçilik wersiýasyny hödürledi. Ýokary geçijilik ukyby bilen tapawutlanýan bu robot arabajygy ownuk ýükleri eltip bermek ýaly dürli wezipeler üçin niýetlenendir...

düýn 07:56
2.8k+

Mercedes-Benz Momenta bilen bilelikde Abu-Dabide S-klas robototaksisini işe girizer

Mercedes-Benz ilkinji gezek robototaksi bazaryna girýär. Nemes konserni BAE-niň (Birleşen Arap Emirlikleriniň) Abu-Dabi şäherinde sürüjisiz (awtomatiki) taksini işe girizmegi meýilleşdirýär. Taslama Hytaýyň programma üpjünçiligini işläp taýýarlaýyş kompaniýasy bolan "Momenta Global" bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýär...

düýn 07:45
2.9k+

ÝB içinden ýandyrylýan hereketlendirijili ulaglaryň satuwyna gadaganlygy 2040-njy ýyla çenli yza süýşürýär

Ýewropa Bileleşigi içinden ýandyrylýan hereketlendirijili täze ulaglary satmaklyga goýlan gadaganlygy yza süýşürmegi meýilleşdirýär. Bu barada "The Times" gazeti öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär. ÝB-ne agza 27 döwlet tarapyndan 2023-nji ýylda gol çekilen ylalaşygyň ilkibaşda 2035-nji ýylda güýje girmegi meýilleşdirilipdi...