UEFA Çempionlar ligasynyň indiki möwsüminiň senenamasyny neşir etdi

UEFA Çempionlar ligasynyň indiki möwsüminiň senenamasyny neşir etdi

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň birleşigi (UEFA) 2020/21 möwsümiň Çempionlar ligasynyň senenamasyny neşir etdi. Bu barada guramanyň resmi saýtynda habar berilýär, muny sport.rbc.ru ýetirýär.
Çempionlar ligasynyň saýlama turniriniň başlangyç tapgyrynyň oýunlary 8-nji we 11-nji awgustda geçer. Kwalifikasiýanyň birinji tapgyry 18-19-njy awgusta, ikinji 25-26-njy awgusta, üçünji 15-16-njy sentýabra meýilleşdirilen. Bu gapma-garşy oýunlaryň ählisi bir oýundan ybarat bolar.
Saýlama turniriniň pleý-off tapgyrynyň birinji duşuşyklary 22-23-nji sentýabra bellenilen. Jogap oýunlary 29-30-njy sentýabrda geçer. Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň bije çekişligi 1-nji oktýabrda Afinada geçiriler. Ýaryşlaryň toparlaýyn tapgyrynyň oýunlary 20-21-nji we 27-28-nji oktýabra, 3-4-nji we 24-25-nji noýabra, 1-2-nji we 8-9-njy dekabra meýilleşdirilen. 1/8 final döwründe birinji oýunlar 2021-nji ýylyň 16-17-nji we 23-24-nji fewralynda, jogap oýunlary 9-10-njy we 16-17-nji martynda geçer. Dörtden bir final oýunlary 6-7-nji we 13-14-nji aprelde, ýarym final 27-28-nji aprelde we 4-5-nji maýda geçiriler.
Çempionlar ligasynyň final duşuşygy 29-njy maýda Stambulda Olimpiýa stadionynda geçer. Çempionlar ligasynyň häzirki ýaryşy koronawirus ýokanjynyň pandemiýasy sebäpli martda saklanyldy. Şol wagta çenli turniriň dört sany dörtden bir finala gatnaşyjy toparlary belli edildi, olar “Pari Sen-Žermen”, “Atalanta”, “Leýpsig” we “Atletiko”. 1/8 finalyň beýleki dört jübütinde diňe birinji oýunlar oýnaldy. Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň galan jogap oýunlary 7-nji we 8-nji awgustda oýnalar. Bu “Barselona” – “Napoli”, “Ýuwentus” – “Lion”, “Bawariýa” – “Çelsi” we “Mançester Siti” – “Real” oýunlary bolar. Bu duşuşyklaryň nirede geçiriljekdigi heniz belli däl.
Şundan soň Çempionlar ligasynyň oýunlary Lissabonda “sekiziň finaly” görnüşinde geçiriler. Mini-turnir 12-sinden 23-nji awgust aralygynda geçer. Dörtden bir final oýunlary 12-sinden 15-nji awgust aralygynda, ýarym final 18-19-njy awgustda, final 23-nji awgustda geçer.