TMBIZ: Türkmenistanda ilkinji gysga wideo akym platformasy Google Play-de we App Store-de elýeterli boldy

  • 29.08.2025 20:14
  • 17k+

Türkmenistandaky  ilkinji gysga wideo akym hyzmaty bolan TMBIZ platformasy synag görnüşinde Google Play-de we App Store-de elýeterli boldy. Islendik adam bu mobil programmany ýükläp alyp, onuň mümkinçiliklerini ýakyndan barlap bilerler. Öň, platformanyň web saýtynyň synag görnüşinde işläp başlandygy barada habar beripdik.

Instagram, TikTok ýaly programmalara meňzeş bolan TMBIZ platformasy ulanyjylara gyzykly hasaplan wideolaryny, telekeçilere öz harytlaryny, hyzmatlaryny köpçülik bilen paýlaşmaga mümkinçilik berýär.
Täzelenen logotip hem-de dizaýn bilen çykarylan TMBIZ platformasy gyzyklanma bildirýän islendik ýaşdaky ulanyjynyň ondan aňsatlyk bilen peýdalanyp biler ýaly derejede işlenip düzüldi.

Islendik adam platformada köpçülige mälim etmek isleýän harytlaryny, arzanlaşyklaryny, hyzmatlaryny täsirli wideolar arkaly aňsatlyk bilen paýlaşyp bilerler. Ulanyjylar bolsa, gyzyklanmasyna görä, wideolara elýeterlilik alyp bilerler.
Platformanyň aýratynlyklarynyň biri “Top ulanyjylar” we “Top wideolar” bäsleşikleriniň bolmagydyr. Bu aýratynlyklar arkaly iň meşhur wideolar we işjeň ulanyjylar, halanma, paýlaşma, görülme we ýüklenme gazanyp bäsleşiklerde ýokary orunlary eýeläp bilerler.
Şeýle hem platformanyň çäginde bal sistema ýola goýuldy. Bal sistemanyň üsti bilen ulanyjylar isleýän mazmunlaryny (kontentlerini) ýükläp bilerler.
Islendik adam tmbiz.info web saýtyna girip ýa-da ykjam goşundy arkaly “Habarlaşmak” bölüminden pikirlerini paýlaşyp biler.

«TMBIZ» ykjam goşundysyny ýükläp almak üçin şu salgylara basyň: Google Play we AppStore
Resmi websaýt: tmbiz.info



19.03.2026 18:11
3k+

«Ýönekeý» Hytaýda, Türkiýede we Malaýziýada okajaklara iň amatly şertleri üpjün edýär

«Ýönekeý» kompaniýasy Hytaýyň, Türkiýäniň we Malaýziýanyň öňdebaryjy uniwersitetlerinde bilim almaga isleg bildirýänleri okuwa çagyrýar. Häzirki wagtda köp isleg bildirilýän ugurlar boýunça resminamalar kabul edilýär...

17.03.2026 17:48
6.1k+

Cargo TM ulag we ýük gözlegini ýeňilleşdirýär

Ýük daşama hyzmaty düýpgöter üýtgeýär: indi sanly tehnologiýalaryň döwründe uzak wagtyňy biriniñ usti bilen ulagyň gözlegine sarp etmegiň geregi ýok. Cargo TM goşundysy bu ugurda ýönekeý bir çözgüt bilen — ýük ibermek hem-de ony eltip bermek isleýänleri göni birikdirmek maksady bilen bazara girýär...

16.03.2026 15:11
11k+

Türkmenistanda bu hepde howa durnuksyz boljak

16-22-nji mart aralygynda Türkmenistanda üýtgäp durýan bulutly howanyň bolmagyna garaşylýar. Hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Howanyň maýlamagyna garamazdan, dynç günleri ýene bulutlaşyk bolar...

12.03.2026 18:46
5.9k+

Bitkoin düşýär, materiallar gymmatlaýar: howsalasyz (we gowy marža bilen) nädip satyn almaly

Eger şu gün habarlary açyp, bitkoin ýene-de “arzanlady”, metallar we gurluşyk materiallary bolsa edil öz aýratyn satuw bölümi bar ýaly hereket edýär diýip gören bolsaňyz — siz ýeke dälsiňiz. Reuters maglumatlaryna görä, bitkoin takmynan 63,3 müň dollar derejesine çenli düşüpdi, kripto-aktiwler bazary bolsa güýzdäki iň ýokary derejeden bäri takmynan 2 trillion dollar ýitgi çekdi...