Ýewro-2020. 1/8 final: Ispaniýa Horwatiýany 5:3 hasabynda ýeňdi

  • 29.06.2021 08:37
  • 5.4k+

Ýewropa çempionatynyň 1/8 final tapgyrynda Ispaniýanyň milli ýygyndysy Horwatiýany ýeňdi. Kopengagende geçirilen duşuşyk goşmaça wagtda 5:3 hasabynda tamamlandy. Gol sany boýunça bu duşuşyk şu gezekki ýaryşyň barşynda iň netijelisi boldy.

Oýnuň esasy wagtynda hasap 3:3 bolup tamamlandy (Sarabiýa, 38; Aspilikueta, 57; Ferran Torres, 77 — Pedri, 20, awtogol; Orşiç, 85; Paşaliç, 90+2). Goşmaça wagtda Morata (100) bilen Oýarsabal (103) gol geçirdi.
1/4 final tapgyrynda Ispaniýa Fransiýany ýaryşdan çykaran Şweýsariýa bilen duşuşar.


şu gün 12:13
3.4k+

Forbes tomusda oýunçylar üçin has köp çykdajy eden 10 futbol klubunyň reýtingini düzdi

1-nji sentýabrda Ýewropa futbolynda tomusky transfer penjiresi ýapyldy. Bu gezek Angliýadan klublar örän köp şertnama baglaşdy. Premýer-liganyň klublary oýunçy satyn almak üçin rekord 3,11 mlrd funt sterling (3,5 mlrd ýewrodan gowrak) sarp etdi, bu bolsa beýleki öňdebaryjy Ýewropa ligalarynyň bilelikdäki çykdajylaryndan hem ýokarydyr...

düýn 09:47
11k+

CAFA Milletler kubogynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Özbegistandan utuldy

2-nji sentýabrda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) Milletler Kubogynyň ikinji tapgyrynda Özbegistanyň ýygyndysyna garşy oýnady. Duşuşyk Daşkentdäki «Olimpiýa» stadionynda geçirildi we ýer eýeleriniň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy...

02.09.2025 14:54
5.4k+

Donnarumma “PSŽ-den” “Mançester Sitä”, Ederson “Fenerbahçä” gidýär

Italiýaly derwezeban Janluiji Donnarumma karýerasyny “Mançester Sitide” dowam etdirer. Iňlis kluby fransuz “Pari Sen-Žermeni” bilen futbolçynyň transferi barada ylalaşyk gazandy. Transfer mukdary 39 mln ýewro bolar diýip, žurnalist Fabrisio Romano X sosial ulgamynda habar berdi...

02.09.2025 13:07
5.6k+

“Liwerpul” Isak bilen şertnama baglaşdy: bu futbol taryhynda iň gymmat üçünji transfer

Şwesiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Aleksandr Isak “Liwerpul” bilen alty ýyllyk şertnama baglaşdy. Ol toparda 9-njy belgini aldy diýip, klubuň metbugat gullugy habar berdi. The Athletic-iň we žurnalist Fabrisio Romanonyň maglumatlaryna görä, klub 25 ýaşly hüjümçiniň geçmegi üçin “Nýukasla” 125 mln funt (144 mln ýewro) töledi...