Ford elektrik Mustang Mach-E krossowerini görkezdi

  • 21.11.2019 05:48
  • 3.1k+

Ford ilkinji elektrik Mustang Mach-E krossowerini görkezdi. Kompaniýa Mustang Mach-E-niň birnäçe komplektasiýasyny işläp düzdi. Yzky herekete getirijili wersiýasy 255 at güýjündäki motor bilen üpjün edilýär, 0-dan 100 km/sag çenli ulag 7 sekuntda güýjüni artdyrýar. Doly herekete getirijili warianty bir sekunt çalt bolar.
Premium komplektasiýasy 338, 370, 434 we 483 km-e niýetlenilen ätiýaç hereketli batareýleri özünde jemleýär. Mundan başga-da, California Route 1, First Edition we GT komplektasiýalary hem bolar. Soňky iň gymmady.
Mustang Mach-E GT 402 km-e niýetlenilen akkumulýatora we 0-dan 100 km-e çenli krossoweriň tizligini 4 sekuntda artdyrýan, 459 at güýjündäki motora eýe bolar.
Ähli komplektasiýalar adaty rozetka birikdirilýän zarýadlama bilen üpjün edilýär. Satyn alyjy islegi boýunça 10 minudyň içinde 75 km goşup bilýän çalt zarýadlama hem eýe bolup bilýär.
Mustang Mach-E-niň ähli wersiýalary CoPilot 360 awtopiloty bilen üpjün edilýär. Geljekde ol awtomobili doly derejede dolandyrar we sürüjä elini rulda saklamazlyga mümkinçilik berer.
Enjam paneli hökmünde 10,2 dýuýmly ekran çykyş edýär. Öňdäki konsulyň merkezinde 15,5 dýuýmly bir uly fiziki düwmeli sensor displeýi ýerleşýär. Ol sesi sazlamaklyga jogap berýär.
Multimediýa sistemasy CarPlay we Android Auto-ny göterýär. Displeýiň aşagynda smartfon üçin simsiz zarýadlama ýerleşýär, şeýle-de USB-A we USB-C üçin portlar bar.
Mustang Mach-E krossoweriniň eýeleri açary peýdalanman bilerler. Awtomobili açmak we işe girizmek üçin mobil programmasynyň bolmagy ýeterlik. Mustang eýesiniň smartfonuny gözläp tapmak üçin Bluetooth ulanýar.
Mustang Mach-E krossoweriniň ilkinji ýola goýulmasy 2020-nji ýylyň ahyryna meýilleşdirilen. Ilki bilen Premium wersiýasy çykar, ondan soň galanlary. Iň arzan komplektasiýa satuwda 2021-nji ýylyň ýazynda peýda bolar.

şu gün 07:36
1k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna garabag tohumyndan bolan bedew sowgat berildi

17-nji iýulda Azerbaýjana saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Jydyr düzüne bardylar. Jydyr düzi Şuşa şäheriniň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç almak üçin iň meşhur künjekleriniň biri bolupdyr...

şu gün 07:28
873

Gurbanguly Berdimuhamedow meşhur opera aýdymçysy Bülbüliň öý-muzeýine we Göwher Aga metjidine baryp gördi

17-nji iýulda Azerbaýjana saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýew bilen bilelikde Azerbaýjanyň meşhur opera aýdymçysy Bülbüliň Şuşadaky öý-muzeýine baryp gördi...

şu gün 07:18
881

Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp gördi

17-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjana saparynyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp gördi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy uçarda Fizuli şäherine ugrady...

şu gün 06:54
752

Renault Fransiýanyň Prezidenti üçin sowutlanan krossower döretdi

Renault kompaniýasy Rafale Hyper Hybrid E-Tech krossoweriniň Fransiýanyň Prezidenti üçin döredilen ýörite görnüşini hödürledi. Awtomobiliň ýeke-täk nusgasy sowutlanan kuzowa, uzaldylan teker bazasyna we aýratyn bezege eýe boldy...