Mercedes-Benz çärýekleýin arassa girdejisini iki esse ýokarlandyrdy

  • 27.10.2022 13:01
  • 4.6k+
Mercedes-Benz çärýekleýin arassa girdejisini iki esse ýokarlandyrdy

2022-nji ýylyň üçünji çärýeginde Mercedes-Benz Group AG islegiň we bahalaryň ýokarlanmagy netijesinde arassa girdejisini iki esseden gowrak, girdejisini 19% ýokarlandyrdy. Iýul – sentýabr aýlarynda kompaniýanyň arassa girdejisi bir ýyl ozalky 1,868 mlrd ýewro garşy 3,923 mlrd ýewro boldy. Salgyt we göterim töleglerinden öň düzedilen girdejiler (EBIT) 72% ýokarlanyp, 5,34 mlrd ýewro ýetdi. Bu barada interfax.ru habar berýär.

Girdeji bir ýyl ozalky 31,647 mlrd ýewrodan 37,716 mlrd ýewro çenli ýokarlandy. Girdejililik 8,8% bilen deňeşdirilende, 14,5%-e ýetdi.
Ýeňil awtomobilleri çykarmaga ýöriteleşen Mercedes-Benz Cars bölümçesiniň girdejisi hasabat döwründe 26% - 28,21 mlrd ýewro çenli ýokarlandy. Üçünji çärýekde ýeňil awtomobilleriň satuwy 38% - 530 414 birlige çenli, önümçilik 34%, 534 307 awtomobile çenli ýokarlandy. Ýeňil ýük ulaglarynyň satuwy 18% ýokarlanyp, 103 978 birlige, olaryň önümçiligi 31% ýokarlanyp, 108 875 birlige ýetdi.
Kompaniýa 2022-nji ýyl üçin Mercedes-Benz Cars bölümçesiniň girdejililigi baradaky çaklamasyny 12-14%-den 13-15%-e çenli artdyrdy. Şu ýyl ýeňil awtomobilleriň satuwynyň hem 2021-nji ýyla garanyňda sähel ýokary boljakdygy, ýöne girdejiniň ep-esli ýokarlanjakdygy çaklanylýar.
2022-nji ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň kapitallaşdyrmasy 13,8% (62,5 mlrd ýewro çenli) pese gaçdy.


13.10.2024 16:01
3.2k+

Apple yzygider on ikinji ýyl iň gymmat brend bolmagynda galýar

Apple brendi eýýäm on iki ýyl bäri dünýäde iň gymmat brend bolmagynda galýar. Bu barada her ýyl Interbrand Corp. tarapyndan düzülýän Best Global Brands reýtinginiň maglumatlaryna salgylanyp, Interfax.ru habar berýär...

13.04.2023 16:07
20k+

Mercedes-Benz I çärýekde elektromobil satuwyny tas iki esse ýokarlandyrdy

Germaniýanyň Mercedes-Benz Group AG awtoöndürijisi ýanwar-mart aýlarynda 51,6 müň elektromobil satdy, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 89% köpdür. Bu barada kompaniýanyň metbugat relizinde aýdylýar...

30.03.2023 13:59
11k+

Kuweýtiň Döwlet gaznasy Mercedes-iň 1,4 mlrd ýewrolyk paýnamalaryny satýar

Kuweýtiň garaşsyz gaznasy bolan Kuwait Investment Authority (KIA) Germaniýanyň awtoulag öndürijisi Mersedes-Benz Group AG-daky paýnamalarynyň dörtden bir bölegini satmagy meýilleşdirýär diýip, Bloomberg agentligi...

09.11.2022 11:26
11k+

2022-nji ýylyň iň gymmat kompaniýalary yglan edildi

Interbrand-yň profil gory 2022-nji ýylda dünýäde iň gymmat kompaniýalaryň reýtingi bilen tanyşdyrdy. Apple ýene-de sanawyň başyny çekdi. Apple kompaniýasy on ýyl bäri yzygider birinji ýerde durýar. Şu ýyl korporasiýanyň...