Amerikaly milliarder Uorren Baffetiň Berkshire Hathaway maýa goýum kompaniýasynyň bazar bahasy Amerikanyň elektromobilleri öndürýän Tesla Inc. kompaniýasynyň görkezijisine golaýlaýar, hatda ondan öňe geçmegi-de mümkin diýip, Barron's ýazýar.
Berkshire-niň gymmatly kagyzlar bazarda ynamly ösüşi görkezýär: A klasly paýnamalar ýylyň başyndan bäri takmynan 4,7% aşak düşdi, şonda S&P 500 indikatory 21% diýen ýaly pese gaçdy.
Şol bir wagtda Teslanyň paýnamalary 43% peseldi.
Şeýlelikde, häzirki wagtda Berkshire-niň bazar bahasy 630 mlrd dollar töweregi, şol bir wagtda Teslanyňky — 672 mlrd dollar töweregi. 2022-nji ýylyň başynda Tesla 1,1 trln dollar diýip bahalandyrylyp, Berkshire-den 450 mlrd dollar gymmatdy.
Berkshire-niň dolanyşykdaky A klasly paýnamalarynyň sany edil B klaslysynyňky ýaly 1,47 mln töweregi. Teslada bolsa bu görkeziji 3,16 mlrd töweregi.
Berkshire öz bazar bahasy boýunça Meta Platforms Inc.-den we Nvidia Corp.-dan eýýäm ozduryp, S&P 500 indeksiniň komponentleriniň arasynda bu görkeziji boýunça altynjy boldy. Öňdebaryjylaryň bäşligine Apple Inc., Microsoft Corp., Alphabet, Amazon.com Inc. we Tesla girýär.
Berkshire-niň A klasly paýnamalary duşenbe güni söwdalaşyklaryň gidişinde 1,7% gymmatlaýar, Teslanyň gymmatly kagyzlary bolsa 3,6% arzanlaýar.