Berkshire Hathaway может обойти Tesla по рыночной стоимости

  • 25.10.2022 17:31
  • 5.8k+

Amerikaly milliarder Uorren Baffetiň Berkshire Hathaway maýa goýum kompaniýasynyň bazar bahasy Amerikanyň elektromobilleri öndürýän Tesla Inc. kompaniýasynyň görkezijisine golaýlaýar, hatda ondan öňe geçmegi-de mümkin diýip, Barron's ýazýar.

Berkshire-niň gymmatly kagyzlar bazarda ynamly ösüşi görkezýär: A klasly paýnamalar ýylyň başyndan bäri takmynan 4,7% aşak düşdi, şonda S&P 500 indikatory 21% diýen ýaly pese gaçdy.
Şol bir wagtda Teslanyň paýnamalary 43% peseldi.
Şeýlelikde,  häzirki wagtda Berkshire-niň bazar bahasy 630 mlrd dollar töweregi, şol bir wagtda Teslanyňky — 672 mlrd dollar töweregi. 2022-nji ýylyň başynda Tesla 1,1 trln dollar diýip bahalandyrylyp,  Berkshire-den 450 mlrd dollar gymmatdy.
Berkshire-niň dolanyşykdaky A klasly paýnamalarynyň sany edil B klaslysynyňky ýaly 1,47 mln töweregi. Teslada bolsa bu görkeziji 3,16 mlrd töweregi.
Berkshire öz bazar bahasy boýunça Meta Platforms Inc.-den we Nvidia Corp.-dan eýýäm ozduryp, S&P 500 indeksiniň komponentleriniň arasynda bu görkeziji boýunça altynjy boldy. Öňdebaryjylaryň bäşligine Apple Inc., Microsoft Corp., Alphabet, Amazon.com Inc. we Tesla girýär.
Berkshire-niň A klasly paýnamalary duşenbe güni söwdalaşyklaryň gidişinde 1,7% gymmatlaýar, Teslanyň gymmatly kagyzlary bolsa 3,6% arzanlaýar.


02.06.2026 12:03
12k+

Трамп приобрёл акции владельца UFC на фоне продвижения турнира у Белого дома

Президент США Дональд Трамп приобрёл акции компании TKO Group Holdings (владеет промоушенами UFC и WWE) незадолго до начала активного продвижения турнира UFC Freedom 250, который пройдёт на территории Белого......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Стартап Itera показал первую в мире «жидкую» печатную плату

Американский стартап Itera представил прототип устройства, которое компания называет первой в мире «жидкой» печатной платой....

30.04.2026 07:20
2.3k+

Китай заблокировал продажу стартапа Manus компании Meta за $2 млрд

Власти Китая распорядились отменить сделку по покупке американской компанией Meta Platforms китайского ИИ-стартапа Manus стоимостью $2 млрд. Решение было принято после проверки, связанной с требованиями......

30.03.2026 09:59
11k+

Названы города, где родилось больше всего миллиардеров

Нью-Йорк возглавил список городов по числу миллиардеров по месту рождения. Об этом сообщает Visual Capitalist со ссылкой на исследование, основанное на данных о 1680 самых богатых людях мира за 2026 год....