Rafael Nadal dünýäniň ikinji raketkasy boldy

  • 04.10.2022 13:10
  • 3.4k+

ATP erkekleriň ýekelikdäki razrýadynda tennisçileriň reýtinginiň täzelenen görnüşini çap etdi. Reýtingiň geçen wersiýasynda üçünde ýerde duran, «Uly tuwulganyň» turnirleriniň 22 gezek çempiony bolan ispaniýaly türgen Rafael Nadal norwegiýaly türgen Kasper Ruudadan öňe geçip, ikinji setiri eýeledi. Reýtingiň öňüni öňküsi ýaly 19 ýaşly ispaniýaly türgen Karlos Alkaras çekip gelýär.

Reýtingiň doly görnüşi «Çempionatda» berildi.

ATP-niň reýtingi. 3-nji oktýabr

  1. (1). Karlos Alkaras (Ispaniýa) — 6740.
  2. (3). Rafael Nadal (Ispaniýa) — 5810.
  3. (2). Kasper Ruud (Norwegiýa) — 5645.
  4. (4). Daniil Medwedew (Russiýa) — 5065.
  5. (5). Aleksandr Zwerew (Germaniýa) — 5040.
  6. (6). Stefanos Sisipas (Gresiýa) — 4810.
  7. (7). Nowak Jokowiç (Serbiýa) — 3820.
  8. (8). Kemeron Norri (Britaniýa) — 3445.
  9. (9). Andreý Rublýow (Russiýa) — 3345.
  10. (11). Hubert Hurkaç (Polşa) — 3175...

16.08.2025 19:04
3.2k+

Türkmen tennisçileri Tailandda geçirilen ýaryşda üç altyn we bir bürünç medal gazandylar

Türkmen türgenleri 14 ýaşa çenli tennisçileriň halkara ýaryşynda üç altyn we bir bürünç medaly gazandylar. Ýaryşlar Tailandyň Nontaburi welaýatynda (Beýik Bankok) Aziýanyň Tennis Federasiýasynyň (ATF) guramagynda geçirildi...

08.08.2025 15:09
3k+

US Open tennis taryhynda iň sahy ýaryş bolar: baýrak gaznasy - $90 mln

Tennis boýunça ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň baýrak gaznasy 2025-nji ýylda 90 mln dollara ýeter – bu tennis ýaryşynyň taryhynda täze rekorddyr. Bu barada US Open-iň resmi saýtynda habar berilýär. Erkekleriň we zenanlaryň arasynda ýekelikdäki ýaryşlaryň ýeňijileri 5 mln dollar, finalçylar 3,6 mln dollar alar...

04.08.2025 16:29
4.9k+

Nowak Jokowiç “Le-Man” fransuz futbol klubunyň maýadary boldy

Braziliýanyň OutField wençur gaznasy “Le-Man” fransuz futbol klubunyň egindeş eýesi boldy. Klubuň maýadarlarynyň biri serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç boldy diýlip, toparyň resmi saýtynda habar berilýär. Dünýäniň öňki birinji raketkasyndan başga-da, maýa goýum taslamasyna gatnaşyjylaryň arasynda “Formula-1-iň” öňki iki sürüjisi: braziliýaly Felipe Massa we daniýaly Kewin Magnussen bar...

14.07.2025 07:36
2.6k+

Ýannik Sinner Alkarasy utup, ilkinji gezek “Uimbldonyň” ýeňijisi boldy

Italiýaly tennisçi Ýannik Sinner ispaniýaly Karlos Alkarasy utup, karýerasynda ilkinji gezek “Uimbldon” ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Duşuşyk dünýäniň birinji raketkasynyň peýdasyna 4:6, 6:4, 6:4, 6:4 hasabynda tamamlandy...