«Türkmen teatr sungaty» atly festiwal geçirilýär

  • 20.05.2022 08:54
  • 7.6k+

21 — 25-nji maýda “Türkmen teatr sungaty” festiwal geçirilip, onuň çäklerinde paýtagtymyzdaky teatrlarda dürli sahna oýunlary görkeziler, teatr toparlarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda iş maslahatlary geçiriler.

Wise-premýer M.Mämmedowanyň 19-njy maýda geçirilen Hökümet mejlisinde beren hasabatyndan görnüşi ýaly, festiwalyň açylyş dabarasynyň barşynda daşary ýurt teatrlarynyň ýolbaşçylarynyň we döredijilik toparlarynyň sanly ulgam arkaly çykyşlary göz öňünde tutulýar. Döwlet Baştutanynyň garamagyna festiwaly geçirmegiň meýilnamasy hödürlenildi.
Döwlet Baştutany teatr festiwalyny guramak baradaky gürrüňe geçip, hödürlenen meýilnamany makullady hem-de döredijilik forumyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi, ýurdumyzyň teatr sungatynyň gazananlaryny hemmetaraplaýyn açyp görkezmegi tabşyrdy. 


06.06.2026 20:16
2.8k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

06.06.2026 16:07
6.5k+

Aşgabatda «Tagiýew. Nebit» filmi görkezildi

Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet günleriniň çäginde «Tagiýew. Nebit» çeper filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Kinofilm «Aşgabat» kinoteatrynda köpçülige hödürlendi we iki ýurduň arasyndaky......

06.06.2026 14:40
2.5k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....

02.06.2026 17:31
1.3k+

Aşgabatda Disney we Pixar multfilmleriniň simfoniki hitleri ýaňlanar

20-nji iýunda Aşgabadyň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň «Disney&Pixar» atly konserti geçiriler....