Indoneziýa täze paýtagtyň döredilmegi üçin $2 mrld bölüp berer

  • 17.04.2022 05:29
  • 8.2k+

Indoneziýa Jakartada bar bolan paýtagtyň deregine Kalimantan şäherinde täze paýtagty gurmak üçin, takmynan, 27-den 30 trln rupiýa (takmynan, $1,88-2 mlrd) sarp eder. Bu barada Vietnam Plus ýazýar. 

Ýurduň maliýe ministri Şri Mulýani Indrawati bu puluň esasy infrastruktura, ofislere, mekdeplere we lukmançylyk edaralaryna, şeýle-de täze şäherde howpsuzlyk bilen bagly çykdajylara sarp ediljekdigini aýtdy. 

Öň habar berlişi ýaly, Indoneziýanyň häkimiýetleri Indoneziýanyň ýerleşýän sebitiniň şahyrana adynyň hormatyna Nusantara adyny aljak täze paýtagty gurmagy meýilleşdirýärler. 

Ýurduň prezidenti Joko Widodo 2019-njy ýylda saýlanandan soň paýtagtyň göçüriljekdigini mälim etdi, ýöne pandemiýa sebäpli ony soňa goýmaly boldy. Indi paýtagt 2024-nji ýylda göçürilip bilner.

Hökümet bu ilatynyň sany 10 mln bolan, yzygiderli suw joşmalaryndan zyýan çekýän we ýerasty suwlaryň hereketi sebäpli dünýäde iň çalt gark bolýan şäherleriň biri hasaplanýan Jakarta düşýän basyşy azaldar diýip umyt edýär. Demirgazyk Jakartanyň käbir bölegi ýeriň çökmegi sebäpli ýylda, takmynan, 25 sm suw astyna gidýär.


23.10.2025 11:14
809

Raşid Meredow Indoneziýanyň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

20-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Indoneziýayň daşary işler ministri Sugiononyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä...

24.09.2025 09:42
7k+

Indoneziýa 2028-nji ýyla çenli paýtagtyny Nusantara geçirer

Indoneziýanyň hökümeti ýurduň paýtagtyny Jakarta şäherinden Nusantara göçürmek işini 2028-nji ýyla çenli tamamlajakdygyny mälim etdi. Bu barada Prezidentiň administrasiýasynyň başlygy Muhammad Kodari habar berdi...

18.08.2025 10:26
4k+

Serdar Berdimuhamedow Indoneziýany Garaşsyzlyk gününiň 80 ýyllygy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Prabowo Subianto ýurduň milli baýramy — Garaşsyzlyk gününiň 80 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi...

08.02.2025 17:10
5.1k+

Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Indoneziýanyň ilçisi bilen duşuşdy

6-njy fewralda wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Indoneziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ronni Prasetýo Ýuliantoro bilen duşuşdy...