2021-nji ýylyň iýun aýy meteorologiki gözegçilikleriň taryhynda iň yssy bolanlaryň hataryna goşuldy

  • 11.07.2021 07:08
  • 8.4k+

2021-nji ýylyň iýun aýy 2016, 2019 we 2020-nji ýyllaryň degişli döwürlerinden soň 2018-nji ýyl bilen dördünji orny paýlaşyp, dünýädäki iň yssy bolanlaryň birine öwrüldi. Copernicus hemra gözegçilik programmasynyň hasabatynda habar berlişi ýaly, geçen aý 1991 – 2020-nji ýyllardaky degişli döwürlerden Selsiý boýunça ortaça 0,21 gradus ýyly boldy. Bu barada TASS belleýär.

2021-nji ýylyň iýun aýy Ýewropada 2019-njy ýylyň iýun aýyndan soň ikinji iň yssy aý bolmak bilen, sebitiň gündogar böleginde özüniň ýokary derejesine ýetdi. Ýewropada geçen iýun aýynyň ortaça temperaturasy 1991 – 2020-nji ýyllaryň degişli döwürlerinden Selsiý boýunça 1,5 gradus yssy boldy. 
Geçen aý Demirgazyk Amerikanyň käbir sebitlerinde birnäçe temperatura rekordlaryny täzelemek bilen, materikde meteorologiýa gözegçiliginiň tutuş taryhyndaky iň yssy iýun boldy. Arktik Sibir sebitinde 2021-nji ýylyň iýun aýy iň yssy iýun aýlarynyň bäşligine girdi. Ol 2018, 2019 we 2020-nji ýyllardan soň dördünji orny eýeledi. Şol bir wagtyň özünde Antarktikada temperatura kadalydan pes boldy.
Berlen netijeleriň ählisi hemralardan, gämilerden, uçarlardan we meteostansiýalardan dürli ölçegleri ulanmak bilen, kompýuter derňewine esaslanýar.

25.06.2026 12:37
6.9k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.5k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.5k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....